Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada iş saparyny amala aşyrdy

0
113
0
0

26-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada iş saparyny amala aşyrdy. Milletiň Lideri, ilki bilen, «Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy» seýilgähinde gezim etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtyň bu künjeginiň abadanlaşdyrylyşyny synlap, Aşgabadyň ajaýyp keşbini kemala getirmek hem-de jana şypaly howany emele getirmek üçin şeýle ýaşyl zolaklaryň wajypdygyny belledi.

Milletiň Lideri seýilgähden Atamyrat Nyýazow şaýoluna çykdy, bu ýerde hormatly Prezidentimizi käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri garşyladylar.

Bu ýerde döwlet Baştutanyna ýörite kompýuter ulgamly welosipedi sowgat berildi. Bu ulgam nanotehnologiýalary ulanmak arkaly döredilen kämil abzallaryň kömegi bilen ýüregiň urşunyň ýygylygyny, gan basyşyny we welosipedçiniň bedeniniň beýleki görkezijilerini gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär, şeýle hem ulagyň tizligini hem-de howanyň temperaturasyny görkezýär, Internet bilen baglanyşdyrylan JPS ulgamy bilen üpjün edildi. 

Döwlet Baştutany şol welosiped bilen Bitarap Türkmenistan şaýolundaky çatrykdan Atamyrat Nyýazow şaýoly boýunça ýola düşdi. Paýtagtymyzyň şu böleginde şäheri ösdürmegiň 12-nji tapgyrynyň çäklerinde gurlan ak mermerli binalar ýerleşýär.

Ýolugra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Köpetdag” sport toplumynyň golaýynda aýak çekip, bu ýerde toplumyň ýanaşyk çäginiň abadanlaşdyrmak boýunça geçirilen işler bilen tanyşdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow Atamyrat Nyýazow şaýoly boýunça ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň gurluşygy barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutany Aşgabadyň syýahatçylyk, sport we saglygy goraýyş düzümlerini ösdürmek boýunça anyk görkezmeleri berip, bu ugurlarda mahabatyň mümkinçiliklerinden, şol sanda daşky serişdeleriň – bannerleriň, telemonitorlaryň kömegi bilen has netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny belledi.

Soňra milletiň Lideri şäheriň merkezinden Halkara howa menziline çenli uzalyp gidýän, durky täzelenen ýol boýunça welosipedli geçip, ýol hereketiniň howpsuzlygyny, pyýada ýolagçylar hem-de sürüjiler üçin amatlyklary üpjün etmäge mümkinçilik berýän döwrebap ulag ulgamyny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berdi. Şeýle hem dürli edaralaryň, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, energetika, söwda, awtomobil ulagy, syýahatçylyk, sport, aragatnaşyk we kommunikasiýalar,  azyk senagaty hem-de tebigaty goramak ulgamlarynyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklar berildi.

Welosipedli ýöriş Atamyrat Nyýazow  şaýolunyň we Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň kesişýän ýerinde tamamlandy. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru