Aşgabadyň 13-nji nobatdaky tapgyrynyň işe girizilmegine bagyşlanan ýygnak geçirildi

0
188
0
0

13-nji noýabrda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň täze binasynda Aşgabady ösdürmegiň 30-dan gowrak desgany öz içine alýan 13-nji nobatdaky tapgyrynyň işe girizilmegine bagyşlanan telekeçileriň ýygnagy geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu ýere ýygnanan agzalary — hususy kärhanalaryň we firmalaryň ýolbaşçylary – ýakynda bolup geçen ägirt uly  şähergurluşyk çäresiniň esasy gahrymanlary bolan telekeçiler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa özlerine bildirilen ýokary ynam we döwlet tarapyndan berilýän hemmetaraplaýyn goldaw üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, geljekde hem iri möçberli milli maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna, şol sanda okgunly ösýän şähergurluşyk ulgamynda durmuşa geçirilýän taslamalara işjeň gatnaşjakdyklaryna ynandyrdylar. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru