«Ýewromedia» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pawel Grisak: «Iri dabaralary guramakda baý tejribämizi Türkmenistan bilen paýlaşyp bileris»

17:5613.11.2015
0
1512

«Bilim we sport Bitaraplyk we parahatçylyk döwründe» atly halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşyjy, «Ýewromedia» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pawel Grisak  «Türkmenportalyň» habarçysyna beren interwýusy:

«Ýewromedia» kompaniýasy iri halkara çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge hyzmat etmek maksady bilen esaslandyryldy. Geçen ýyllaryň içinde alyp baran işlerimiz biziň öz maksadymyza ýetýändigimizi aýdyň görkezýär.

Biz iri dabaralaryň, şol sanda sport baýramçylyklarynyň guramaçylyk meseleleri, olary dünýäniň meşhur teleýaýlymlarynda göni alyp görkezmek ýaly işlerde guramaçylara elden gelen hyzmatymyzy gaýgyramzok. Şu wagta çenli guramaçylyk meselelerine we göni ýaýlymda alnyp görkezilişine gatnaşan meşhur dabaralaryň arasynda 2012-nji ýylda Ukrainada we Polşada geçirilen futbol boýunça Ýewropa çempionaty, 2014-nji ýylda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda geçirilen Bütindünýä talyplar festiwaly,  Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşikleriniň birnäçesi we beýleki dabaralar bar. Şu ýylyň tomsunda Baku şäherinde geçirilen I Ýewropa oýunlarynyň guramaçylyk we göni ýaýlymda alnyp görkeziliş işleriniň aglabasy bolsa biziň kompaniýamyzyň üstüne ýüklenildi. Biz bu Oýunlaryň Guramaçylyk komitetine başdan-aýaga doly goldaw berdik, ýaryşlar dünýäniň onlarça döwletinde göni ýaýlymda alnyp görkezildi.

Türkmenistanda hem 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V aziýa oýunlary geçiriler. Hut şu ýaryşlardan başlap, Aziadanyň bu görnüşine Okeaniýa döwletleriniň hem gatnaşmagy olaryň ähmiýetini has-da artdyrýar. Bu bolsa Ýer ýüzünde Aşgabat — 2017-ä bolan gyzyklanmanyň hem artmagyna sebäp bolýar. Türkmenistanda geçirilýän sergilere gatnaşmagyň biziň geljekki hyzmatdaşlyklarymyza oňyn täsir etjekdigine berk ynanýarys. Biz bu ýurtda geçirilýän sport baýramçylyklarynda ýakyn hyzmatdaş bolmaga hemişe taýýar. Sergä gatnaşmaga we öz kompaniýamyzyň işi bilen tanyşdyrmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň