“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynyň işiniň düşewüntliligini ýokarlandyrmak ugrunda täze başlangyç

0
140
0
0

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 26-njy oktýabrda geçirilen bilelikdäki mejlisinde “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynyň işiniň düşewüntliligini ýokarlandyrmak we öndürilýän önümleri ýerlemek boýunça döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň garamagyndaky kärhanalarda dünýä meşhur türkmen el halylaryny dokamakda örän gymmatly çig mal bolan  saryja goýnunyň ýazky gyrkymynyň ýüňi peýdalanylýar. Bu çig mal ýuwup arassalamak üçin ýüňi ilkinji gezek gaýtadan işleýän Marydaky kärhana iberilýär, soňra bolsa “Argaç” önümçilik ýüň- egirme birleşiginde  ýokary hilli ýüplük taýýarlanylyp, haly dokamakda ulanylýär.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň haly önümleriniň eksport möçberlerini artdyrmagyň zerurdygyny belledi we saryja goýunlarynyň artyk galan ýüňlerini “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň üsti  bilen daşarky bazarda ýerlemek baradaky teklibi oňlady. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru