30 minutdan “Aşgabat” stadionynda teatrlaşdyrylan owadan tomaşa başlanar

0
1350
0
0

Şu gün 18.00-da köpugurly “Aşgabat” stadionynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygyna bagyşlanan teatrlaşdyrylan owadan tomaşanyň açylyş bolar. Oňa paýtagtyň we bäş welaýatyň ählisiniň döredijilik toparlary garnaşarlar. Häzir soňky taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Bu ýerde paýtagtly artistler, aýdymçylar, tans toparlary, çagalar ansambllary, türgenler çykyş ederler. Soňra welaýatlardan gelen toparlaryň çykyşlaryna orun berler.

Paýtagta her welaýatdan ýüzlerçe adam geldi. Olaryň köpüsi stadionyň meýdanynda her welaýatyň öz aýratynlyklaryna görä dürli göwrümdäki “suratlary”, sahnalarydyr nusgalary şekillendirýärler. Mysal üçin, Balkan welaýaty üçin bu — deňiz, nebit diňleri, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy. Mary welaýaty üçin bolsa — gaz känleri, pagtaly meýdanlar, Soltan Sanjar kümmeti we şuňa meňzeşler

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru