“Aşgabat” kinoteatrynda baýramçylyk konserti bolar

0
1975
0
0

28-nji oktýabrda “Aşgabat” kinoteatrynda 18.00-da täze çeper ýolbaşçysy we baş dirižýory Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Döwlet simfoniki orkestriniň baýramçylyk konserti bolar.

Konsert programmasyna Nury Halmämmedowyň, Çaýkowskiniň, Dworžagyň, Haçaturýanyň meşhur eserleri goşuldy. Türkmenistanyň iň gowy opera aýdymçylarynyň: Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewanyň (soprano), Žanna Saýanyň (soprano), Leýli Ökdirowanyň (soprano), Nury Nuryýewiň (tenor) ýerine ýetirmeginde dünýä belli ariýalar ýaňlanar.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 864-03-74-56, 863-46-71-77, 22-16-01.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru