Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy mynasybetli Aşgabatdaky medeni dynç alyş çäreleri

13:2225.10.2015
0
1390

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk baýramy mynasybetli Aşgabadyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna medeni dynç alyş merkezlerinde şowhunly konsertler , baýramçylyk çykyşlary garaşýar.

27-nji oktýabrda «Aşgabat» kinoteatrynda aýdymçylar Arslan Gulmämmedowyň, Döwlet Nurlyýewiň, Mekan Annaýewiň, Sapa Jumaýewiň, Ybraýym Selimowyň we Patşa Nasyrow konsert bilen çykyş ederler.

Baýramçylyk mynasybetli türkmen estradasynyň ýyldyzlarynyň konsertleri «Watan» kinokonsert hem bolar. 27-nji oktýabrda bu ýerde aýdym-saz sungatynyň muşdaklaryna aýdymçylar Agajan Igdirowyň, Baýram Hojatowyň, Rejep Ýagşymyradowyň we Şajan Çaryýewiň konsertleri garaşýar. Rep sungatynyň muşdaklary üçin bolsa sungatyň bu görnüşiniň wekili Teslanyň çykyş etmegine garaşylýar.

«Watan» kinokonsert merkezindäki baýramçylyk dabaralary 28-nji oktýabrda hem dowam eder. Şol gün bu ýerde aýdymçylar Perhat Ataýew, Arslan Gulmämmedow, Rep sungatynyň wekili Repa öz muşdaklaryny täze aýdym-saz eserleri bilen begendirerler.

Paýtagtymyzyň teatrlarynda bolsa baýramçylyk günleri gülki agşamlary görkeziler. Sahna ussatlarynyň taýýarlan gyzykly hem-de şadyýan degişme sahnalary gündiz seýilgählerde dynç alan ildeşlerimiziň şatlygyny goşalandyrar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň