Türkmen-ýapon gepleşikleriniň barşynda Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda özara gatnaşyklar kesgitlenildi

20:2523.10.2015
0
3127

Türkmen-ýapon gepleşikleriniň barşynda Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda özara gatnaşyklar kesgitlenildi. Türkmen-ýapon gepleşikleriniň barşynda gazanylan ylalaşyklar, esasan, üç bölege bölmek bolar. Bu tebigy gazy işjeň ulanmak arkaly türkmen senagatyny täze sepgitlere ýetirmek maksady bilen, Ýaponiýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky özara gatnaşyklardan, hünärmen taýýarlamakdaky hyzmatdaşlykdan we ynsanperwer we medeni alşygy çuňlaşdyrmakdan ybaratdyr. Şu gün köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde eden çykyşynda Premýer-ministr Sindzo Abe Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynyň netijeleri baradaky gürrüňini şeýle jemledi.    

Premýer-ministr Sindzo Abe türkmen Lideriniň Türkmenistanda ýapon nusgaly tehnologiki ýokary okuw mekdebini döretmek baradaky pikirini hem doly goldaýandygyny aýtdy. Biz sport ulgamynda, hususan-da, göreşiň däp bolan dzýudo görnüşinde alyşmalary ösdüreris hem-de ýapon diliniň okadylyşyna ýardam bereris — diýip, Premýer-ministr Sindzo Abe belledi. Ýaponiýanyň hökümetiniň Baştutany türkmen telewideniýesi boýunça “Myhak” (“Gwozdika”) atly ýapon teleserialynyň görkezilendigini belläp, türkmen teletomaşaçylarynyň ýapon telewideniýesiniň beýleki gepleşiklerini hem görmegini arzuw etdi.

Soňra belent mertebeli myhman geçirilen duşuşykda taraplaryň Merkezi Aziýa sebiti üçin umumy wezipeleri çözmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda taraplaryň bir pikire gelendigini nygtady. Şu hyzmatdaşlykda ulag we logistika ulgamlary möhüm ugurlar hökmünde çykyş edýär.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri taraplaryň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek işinde hyzmatdaşlyk etmäge hem-de sebitiň ýurtlary bilen bilelikde bu ugurda degişli çäreleri görmäge meýillidigini tassyklady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň