Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylym we sungat işgärlerine professor alymlyk derejesiniň degişli nusgadaky diplomlaryny gowşurmak dabarasy boldy

0
1636
1
0

21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylym we sungat işgärlerine professor alymlyk derejesiniň degişli nusgadaky diplomlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Bu dabara ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň, ylmy toparlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle hem Ylymlar akademiýasynyň ýanynda Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komiteti hereket edýär. Onuň ygtyýarlygyna ylmy derejeleri bermek wezipesi girýär. Komitetiň çözgüdine laýyklykda, ýurdumyzyň esasy ýokary okuw mekdeplerine — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, Halkara nebit we gaz uniwersitetine, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna, Halkara türkmen-türk uniwersitetine, Türkmen milli konserwatoriýasyna, Türkmen oba hojalyk uniwersitetine wekilçilik edýän abraýly mugallymlar professor adyna mynasyp boldular.

Professor adyna mynasyp bolan adamlar ynsanperwer we tehniki ugurly — taryh, durmuş filosofiýasy, geografiýa, gidrotehniki desgalary gurmak ýaly bilimleriň dürli ugurlaryna wekilçilik edýärler. Olary öz ýurduna peýda getirmek islegi birleşdirýär.

Ýokary alymlyk derejesine eýe bolanlar öz çykyşlarynda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa öz işlerine beren bahasy, türkmen halkynyň bagtly durmuşynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Şu günki çärä gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny ýollap, geljekde hem eziz Watanymyzy ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde has-da hyjuwly işlejekdiklerine ynandyrdylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru