Türkmen türgenleri Guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda toparlaýyn birinji orna mynasyp boldular

0
752
1
0

Guşakly göreş — alyş boýunça türkmenistanly türgenler Polşa Respublikasynyň Belostok şäherinde geçen dünýä çempionatynda uly üstünlige mynasyp boldular. Ildeşlerimiz bu ýaryşda jemi ýedi medal --dört  altyn, bir kümüş, iki bürünç medal gazandylar.

Ýaryşa 25 döwletden türgenleriň ýüzlerçesi gatnaşdy. Bäsleşikler  sportuň bu görnüşiniň iki usuly — nusgawy we erkin usullary boýunça geçirildi.  Türkmenistanly türgenler usullaryň ikisi boýunça hem tapawutlanmagy başardylar. Nusgawy usulda emeller diňe göwräň güýji bilen ýerine ýetirilýär. Guşakly göreşiň bu görnüşinde Lebap  welaýatynyň wekilleri Gylyç Jumaýew 90 kilograma çenli agram derejesinde we Myrat Jumaýew 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde ýeňiş gazanyp, altyn medala eýe boldular. Erkin usul boýunça  tutluşykda göreşiň düzgünine laýyklykda, aýak bilen emel etmäge rugsat edilýär. Bu usul boýunça ýygyndy toparymyzyň düzüminde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Allanur Goçow (60 kilograma çenli agram derejede) hem-de Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Rejepaly Orazalyýew (100 kilogramdan ýokary agram derejede) hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdylar.

Erkin usul boýunça ildeşlerimiz bir kümüş we iki bürünç medala  mynasyp boldular. 80 kilograma çenli agram derejede Pirguly Gurbandurdyýew ikinji orny eýeledi we kümüş medala mynasyp boldy. 70 kilograma çenli agram derejede Medet Hallygurbanow we 90 kilograma çenli agram derejede Seýdi Batyrow bürünç medala mynasyp boldular. Bu türgenler Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplarydyr.

Dünýä çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy toparlaýyn hasapda birinji orna mynasyp boldy. Bu üstünlik ýöne ýerden däldir. Guşakly göreş türkmeniň milli göreşi hasaplanýar. Şonuň üçin hem halkara derejesindäki iri ýaryşlarda, şol sanda dünýä çempionatlarynda türkmen pälwanlary medallaryň köpüsini gazanmagy başarýarlar.

Muny geçen ýyl Aşgabatda geçirilen guşakly göreş boýunça 12-nji dünýä çempionatynyň we türkmen milli göreşi boýunça birinji dünýä çempionatynyň netijeleri hem aýdyň görkezýär. Şonda türkmenistanly pälwanlar jemi 45 medal -- 16 altyn, 14 kümüş we 15 bürünç medal gazanyp, umumy toparlaýyn hasapda uly artykmaçlyk bilen birinji orny eýelediler.   

Göreş 2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçjek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sanawyna hem girizildi. Bu bolsa milli ýygyndymyzyň şol jogapkärli ýaryşda özüniň ýokary ussatlygyny görkezjekdigine ynam döredýär.

Guşakly göreş — alyş boýunça ýaryşlar hem 2018-nji ýylda Indoneziýada geçjek Aziýa oýunlarynyň sanawyna girýär. Bu jogapkärli ýaryşda hem türkmen pälwanlarynyň  üstünlikli çykyş etmeklerine garaşylýar.

Ildeşlerimiziň şeýle üstünlikli çykyş etjekdikleri hakynda bu pikir  şu ýylyň başynda Bişkekde geçen alyş guşakly göreşiniň düýbüni tutujy Baýaman Erkinbaýewiň ýagty ýadygärligine bagyşlanan iri halkara ýaryşynda aýdyldy. Gyrgyzystanyň sportuň milli görnüşleriniň ösüş merkeziniň müdiri  Dorubaý Minbaýew 2018-nji ýylda Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň wekilleriniň ýaryşda altyn medal üçin esasy dalaşgärdiklerini belledi. Ýeri gelende aýtsak,  türgenlerimiz Bişkekde geçen halkara ýaryşynda jemi 9 baýraga —1 altyn, 3 kümüş we 5 bürünç medala mynasyp boldular.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru