Soňky habarlar

Arhiw

Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňeldilen göçme mejlisi geçirildi

23:2210.10.2015
0
5530

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly
Berdimuhamedow institutyň maslahatlar zalynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňeldilen göçme mejlisini geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary şu gün bellenilýän ýurdumyzyň Harby-deňiz güýçleriniň güni bilen, şeýle hem Harby-deňiz institutynyň täze binalar toplumynyň açylmagy bilen gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, harby gullukda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Bu gün ýurdumyzyň günbatar sebitinde ilkinji gezek dabaraly harby deňiz ýörişi geçiriler diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň deňiz kenarýakasynyň ygtybarly ellerdedigini, ýurdumyzyň Harby-deňiz güýçleriniň goranmak ukybynyň, söweşjeň kuwwatynyň ýokarydygyny, onuň şahsy düzüminiň söweşjeň ruhunyň has-da belentdigini şu günki geçiriljek dabaraly harby deňiz ýörişi ýene-de bir gezek aýdyň görkezer.

Goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda, Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny üpjün etmek döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň örän möhüm ugry bolup durýar diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şonuň üçin hem biz Bitarap Watanymyzyň taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby deňiz güýçleriniň serkerdeligini döretdik. Bu serkerdelik Hazar deňzindäki serhedimizde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün eder.

Siz deňizçilik harby ylymlaryndan we sungatyndan oňat baş çykarýan, mukaddes harby borja wepaly harby gullukçylardygyňyzy subut etmelisiňiz, eziz Watanymyzyň deňiz serhetlerini ygtybarly goramalysyňyz diýip, milletiň Lideri harby deňizçilere ýüzlenip aýtdy. Deňiz çäklerinde berkarar döwletimiziň we mähriban halkymyzyň sarsmaz galasy bolmalysyňyz. Bu mukaddes borçdur. Siziň halkymyzyň öňündäki mukaddes borjuňyzdyr. Siziň bu mukaddes borjy birkemsiz berjaý etjekdigiňize men berk ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra milletiň Lideri häzirki döwürde berkarar Watanymyzda mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyza taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar diýip belledi. Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň gününiň Garaşsyzlyk baýramymyzyň öň ýanynda bellenilmegi harby gullukçylaryň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň döredilen güni, şeýle hem Harby-deňiz institutynyň täze binalar toplumynyň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek gutlap, harby gullukçylara berk jan saglygy, asuda we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzy goramak ýaly mukaddes borjy hemişe uly abraý bilen ýerine ýetirmegi we maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti baş baýramymyz bolan mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň ýetip gelýändigini aýdyp, bu şanly baýram mynasybetli berkarar Watanymyzyň goranmak ukybyny berkitmäge, howpsuzlygyny, kanunçylygy, hukuk tertibini üpjün etmäge goşant goşan harby gullukçylary we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hem-de olara harby ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek barada teklip bermegi hukuk goraýjy we harby edaralaryň ýolbaşçylaryna tabşyrdy.

Milletiň Lideri mejlisiň barşynda ýene-de bir meselä — B.Gündogdyýewiň serkerdelige bellenen Harby-deňiz güýçleriniň serkerdeliginiň dolandyryş düzümi baradaky meselä garady.

Soňra harby we hukuk goraýjy edaralarynyň käbir ýolbaşçylaryna hünär derejelerini we harby atlary dakmak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanlary okalýar. Şolara laýyklykda, Türkmenistanyň goranmak ministri, general-leýtenant Ý.Berdiýewe general-polkownik harby ady dakyldy, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, üçünji hünär derejeli B.Çaryýewe ikinji hünär derejesi we adalat ministri, ikinji derejeli ýurist B.Muhamedowa ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi hünär derejesi berildi.

Atlara we derejelere mynasyp bolan ýolbaşçylar Watana wepalylygyň mukaddes Kasamyny aýtdylar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewe özüniň “Watan goragy mukaddesdir” atly täze kitabyny sowgat berdi.

Döwlet Baştutany mejlisi jemläp, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna berk jan saglyk, halkymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri we maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňeldilen mejlisi tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti Harby-deňiz güýçleriniň güni mynasybetli harby we hukuk goraýjy düzümleriň ýolbaşçylaryndan gutlaglary kabul etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň