Türkmenbaşyda Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň täze binalar toplumynyň açylyşy boldy

22:5310.10.2015
0
7605

9-njy oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Hazaryň kenarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň güni mynasybetli dabaralar geçirildi. Ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň täze binalar toplumynyň açylmagy bu waka bagyşlanyldy.

Bu ýerde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, eli baýdakly harby talyplar garşylaýarlar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdeliginiň serkerdesi B.Gündogdyýew hasabat berýär.

Soňra harby aýdym-saz topary çykyş etdi. Milletiň Lideri harby gullukçylaryň döredijilik ukybyna baha berip, toparyň çeper ýolbaşçysy bilen gürrüňdeş bolmak bilen, şahsyýetiň ösmegi üçin sungatyň neneňsi wajypdygyny nygtady hem-de saz, edebiýat, şygryýet bilen meşgullanmaga özüniň wagt tapmaga çalyşýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti özüniň täze şygryndan käbir setirleri okap berdi. Milletiň Lideriniň sözlerini dessine toparyň agzalary alyp göterdiler. Toparyň ýolbaşçysy bu şygryň watançylyk aýdymy hem-de harby döredijilik toparlarynyň çykyşlary üçin örän laýyk gelýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär we Harby-deňiz institutynyň baş binasyna girýär. Onuň eýwanynda harby talyplar milletiň Liderini ruhubelent goşgular bilen garşylaýarlar hem-de Watan goragçylarynyň ýaş nesilleri hakdaky aladasy üçin hoşallyk bildirip, mähriban Watanymyzy wasp edýärler.

Şu ýerde döwlet Baştutany dürli ýyllaryň harby gämileriniň maketleriniň sergisi bilen tanyşdy.

Binany gözden geçireninden hem-de onuň enjamlaşdyrylyşy bilen tanşanyndan soň, milletiň Liderine Harby-deňiz institutynyň howlusynda goýlan harby tehnikalaryň dürli görnüşleri görkezildi. Milletiň Lideri döwletimiziň Milli goşunymyzy, şol sanda Harby-deňiz güýçlerini iň döwrebap söweşjeň tehnikalar we enjamlar bilen mundan beýläk-de üpjün etjekdigini hem-de harby işgärleri okatmagyň derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli şertleri döretjekdigini aýtdy.

Döredilenine köp wagt geçmese-de, bu ýokary okuw mekdebi Garaşsyz Watanymyzyň Harby-deňiz güýçleri üçin zerur bolan milli harby hünärmenleri taýýarlamaga uly goşant goşdy diýip, döwlet Baştutany aýtdy hem-de bu okuw mekdebiniň geljekde hem Harby-deňiz güýçleri üçin deňizçi harby hünärmenleri taýýarlaýan merkez boljakdygyna ynam bildirdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Harby-deňiz institutynyň binasyndan çykyp, onuň toparynyň ygtyýaryna ýörite tehnikany goşmak bilen, awtoulag serişdelerini berip, olaryň açarlaryny gowşurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň