Türkmenistanyň Prezidenti harby deňizçileri Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň güni bilen gutlady

0
1815
0
0

Hormatly harby deňizçiler!

Siziň ähliňizi Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda bellenýän Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Eziz Watanymyzyň deňiz çäklerinde harby borjy ýerine ýetirýän merdana deňizçilere mukaddes we jogapkärli borç ynanylandyr. Siz bu mukaddes borjy hemişe Watana wepadarlyk, harby kasama ygrarlylyk bilen ýerine ýetirip, merdana pederlerimiziň, ýurt goran gerçekleriň, taryhymyzda yz galdyran Oguz hanyň, Togrul begiň, Çagry begiň, Alp Arslanyň, Görogly begiň beýik watansöýüjiligini, mertligini we gahrymançylygyny dabaralandyrmalysyňyz. Siziň şol borjy eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň beýik ynamyndan ugur alyp, birkemsiz berjaý etjekdigiňize berk ynanýaryn!

Berkarar Watanymyzyň goragçylary!

Biz mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazanyp, ata-babalarymyzyň arzuwlan ajaýyp eýýamyna eýe bolduk. Bu günki gün mähriban halkymyz Garaşsyzlygyň, özygtyýarlylygyň, azatlygyň, erkinligiň hözirini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşaýar.

Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň gününiň döredilmegi hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ajaýyp miwesidir. Bu baýram ýurdumyzyň Harby-deňiz güýçleriniň harby gullukçylarynyň Garaşsyz Watanymyzyň deňiz çäkleriniň bitewüligini gorap saklamakda, ýurdumyzyň we halkymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmekde hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan hukuklaryny we borçlaryny berjaý etmekde, dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly we dostlukly ýaşamak syýasatyny amala aşyrmakda bitirýän hyzmatlary göz öňünde tutulyp döredildi. Bu bolsa, deňiz çäklerimiziň bitewüligini üpjün edýän, Hazar deňzini dostlugyň we ylalaşygyň deňzine öwürmekde uly işleri bitirýän deňizçi esgerleriň we deňizçi serhetçileriň hyzmatyna berlen ýokary bahadyr. Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleri geljekde hem Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilige eýerýän syýasatynyň ygtybarly kepili bolmalydyr.

Hormatly Watan goragçylary!

Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň gününiň döredilmegi döwletimiz tarapyndan deňizçi harby gullukçylar barada edilýän aladanyň nyşanydyr. Bu alada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze derejä çykdy. Harby deňizçileriň we deňizçi serkerdeleriň ýaşaýyş-durmuş, gulluk şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Ýurdumyzyň Harby-deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalanýar, dünýäniň iň kämil tehnikalary hem-de enjamlary, gämileri satyn alynýar. Deňizçi harby gullukçylaryň söweşjeň we ynsanperwer taýýarlygy ýokarlanýar. Muny eziz Watanymyzyň asuda durmuşynyň hatyrasyna geçirilýän harby okuw türgenleşikleri hem aýdyň görkezýär.

Siz geljekde hem harby gullugy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasyna laýyklykda alyp barmalysyňyz, ata Watany goramak borjuny ähli zatdan belentde goýmalysyňyz hem-de deňiz çäklerimizde Watanymyzyň, halkymyzyň sarsmaz galasy bolmalysyňyz.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasyna laýyklykda Watanymyzyň deňiz serhedini ygtybarly goramak, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gämileri üçin deňizçi hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty döredildi.

Ýurdumyzyň bu ýokary harby okuw mekdebinde okuw-terbiýeçilik işleri hemişe döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda alnyp barylmalydyr. Bu institut Harby-deňiz güýçlerimiz üçin milli harby hünärmenleriň taýýarlanylýan merkezi bolmalydyr. Bu ýokary harby okuw mekdebinde bilim alan deňizçi harby gullukçylarymyz we deňizçi serhetçilerimiz ýurdumyzyň deňiz çäklerini ygtybarly goramalydyrlar.

Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň ähli şahsy düzüminiň öňünde goýlan möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegi üçin deňizçi harby gullukçylaryň söweşjeň-ynsanperwer taýýarlygy, ukyp-başarnygy yzygiderli ýokarlandyrylmalydyr. Munuň üçin, ilkinji nobatda, merdana Watan goragçylarymyz bolan deňizçi harby gullukçylaryň okuwyna, watançylyk terbiýesine, harby, beden taýýarlygyna, harby hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmaklaryna hemişe aýratyn üns berilmelidir.

Hormatly harby deňizçiler!

Sizi Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, egsilmez bagt, mukaddes harby gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru