Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan Kerim Ataýew Türkmenistanyň esasy döredijilik baýragyna mynasyp boldy

0
612
6
5

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň tomaşaçylarynyň turuwbaşdan ýaş aktýora syny oturdy. Gelşikli keşbi we ýiti zehini Kerim Ataýewiň sahnada özüni alyp barşyna aýratyn öwüşgin çaýýar, onuň döreden her bir keşbiniň ýatda galyjy bolmagyna getirýär. Eger spektaklda tans etmeli ýeri bar bolsa, tansçy Kerim Ataýew öz çeýeligi bilen tomaşaçylary haýran galdyrýar we spektakl diňe utuş gazanýar. Žurnalist Tamara GLAZUNOWA döredijilik ýolundaky üstünligi bilen gutlamak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi Kerim Ataýew bilen duşuşdy.

—Kerim, ilki bilen bir zat aýdaýsaň, siziň ýagdaýyňyzda nähili boldy, aýdylyşy ýaly, hünär sizi saýladymy ýa-da siz hünäri?

—Megerem, şolaryň ikisem bir wagtda bolaýdy öýdýän, çünki özümi bilelim bäri aktýor bolmagy arzuw etdim. Özem gowuşgynsyzlyk edip, haçan meniň arzuwym öz-özünden hasyl bolarka diýip gol gowşuryp oturmadym. Aşgabat şäherindäki 45-nji orta mekdebiň 4-nji synpynda okaýarkam synpdaşym bilen mekdepde geçirilýän konsertlerde çykyş ederdik, belli türkmen wäşilerine öýkünerdik. Aýratyn halaýanlarymyz hem maryly wäşiler Tikki bilen Potdyşdy. Oglan-gyzlaryň biziň çykyşlarymyzy şowhunly kabul etmekleri biziň höwesimizi has-da artdyrdy. 6-njy synpda okap ýörkäm bolsa Jemal Saparowanyň folklor toparyna tansçylaryň kabul edilýändigini eşitdim. Saýlama tapgyra kynçylyksyz hötde geldim, munuň hem sebäbi kakamdan geçen horeografiki başarnyklarymmyka diýýän. Men türgenleşiklerde özüm üçin gaty köp zatlary öwrendim, eger-de, aradan iki ýyl geçensoň, Baş drama teatrynda köpçülik sahnasynda çykyş etmek üçin topar gerek bolmadyk bolsa, belki-de, men professional tansçy bolardym. Şondan soň, men tansy goýup, teatr sahnasyna imrindim.

Soňra Puşkin teatrynyň mekdep-studiýasyna girdim, ajaýyp pedagog Natalýa Laukertiň elinde tälim aldym. Meniň aktýor bolmak arzuwym mekdep-studiýany tamamlanymdan soň hasyl boldy, meni teatra işe kabul etdiler. Şonda başdan geçiren şatlykly duýgularym hemişelik ýadymda galdy. Maksadyma ýetmegimde ykbalym ýolumy açdy, munuň üçin men oňa minnetdar.

Düýrmegim bilen söýgüli işime berildim. “Ýusup-Züleýhada” şanyň ýegeniniň, “Zöhre-Tahyrda” Hasan bagbanyň, “Hanumada” Akopyň, “Derňewçide” Hlestakowyň, “Biz ýene-de duşuşarysda” elguşçy Amanyň, “Buratinonyň başdan geçirenlerinde” Bana Karlonyň we beýlekileriň keşplerini, umuman alnanda, 20-den gowrak keşp döretdim. Baş ýolbaşçy Aşyrmuhammet Rahmanowyň üns-aladasy netijesinde Puşkin teatrynda her bir aktýora baş keşbi ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredilýär. Ýöne meniň üçinä başmy ýa epizodiki keşpmi, komediýa ýa drama spektaklymy, çagalar üçin ertekimi ýa ulular üçin pelsepewi pikir ýöretmelermi o diýen tapawudy ýokdy. Maňa islendik keşpde sahna çykmak ýaraýardy, esasy zat ony mümkin boldugyça gowy ýerine ýetirmelidi.

—Moskwada hünär kämilleşdiriş okuwlary hem bolupdy ahyry. Ol siziň aktýorlyk ussatlygyňyzyň artmagyna nähili täsir etdi?

—Diýseň üýtgeşik zat! Moskwanyň Teatr işgärleri birleşigine (TIB) barmazdan ozal, Natalýa Andreýewna Laukert bize — studiýada okanlara aktýorlyk hünäri üçin ýeterlik we ondan hem köpräk zatlary berendir öýdýärdim. Ýöne başga döredijilik “dünýäsine” düşmek bilen, men aktýorlyk ussatlygymy beýan etmegiň başga-başga çemeleşmeleri bilen hem tanyşdym. Özem bir zada düşündim, oňat mugallym edil pähimdar kitap ýaly, maňa döredijilik ýolumda näçe köp hakyky mugallym duşsa, meniň sungata berip biljek zatlarym-da şonça ýokary bolar.

TIB-niň diňleýjilerine islege görä drama, komediýa, gurjak, çeýelik spektakyllaryna we performasda (gysgajyk interaktiw çykyş, mysal üçin şäheriň köçesinde) gatnaşmak teklip edildi. Men “8-nji belgili mümkinçilik” çeýelik spektaklyny saýladym. Haçan-da tansda özümi görkezenimde horeograf tansyň meniň esasy işim bolmalydygyny aýtdy. Ýöne men heniz teatrda isledigimçe oýnap ýetişmedim-ä! Belki, soňra men tutuşlygyna tans bilen meşgullanaryn, häzirlikçe bolsa ol meniň üçin diňe — halaýan güýmenjäm.

—Kerim, siz diýseň bagtyýar adama mahsus täsir galdyrýarsyňyz. Bu, hakykatdan-da, şeýlemi ýa-da göwnümizemi?

—Hakykatdan-da, şeýle. Aýratyn-da, soňky üç ýyl bäri. Özüňiz pikir edip görüň, 2013-nji ýylda öýlendim, 2014-de kaka boldum we teatrymyz boýunça iň oňat aktýor diýlip yglan edildim, 2015-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldum. Men öz döredijiligime beren şeýle ýokary bahasy we biziň ýurdumyzda ýaşlaryň elýetmez arzuwlarynyň amala aşmagy üçin döredýän giň müminçilikleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru