Londonda “Türkmenistanyň nebitgaz pudagy—maýa goýum üçin mümkinçilikler” atly forum geçirildi

0
183
0
0

Londonda  Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň guramagynda  “Türkmenistanyň nebitgaz pudagy—maýa goýum üçin mümkinçilikler” atly forum geçirildi.

Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň, “Türkmennebit”  we “Türkmengaz” Döwlet konsernleriniň, şeýle hem Malaýziýanyň “Petronas Carigali Sdn. Bhd”,  “ Dragon OilPlc” anglo-arap, Hytaýyň “CNPC”, Italiýanyň “ENI S.P.A”, Awstriýanyň “MitroInternational Limited”,  Germaniýanyň “RWE” ýaly dünýäde meşhur kompaniýalaryň ýolbaşçylary, hünärmenleri we beýlekiler gatnaşdylar. Onuň barşynda Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň we energetika pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hazar deňziniň türkmen böleginiň geljegi uly hasaplanylýan  toplumlaryny, deňizden uglewodorod serişdelerini almak babatda iri taslamalary durmuşa geçirmäge maýa goýumlary çekmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Londonda geçirilen duşuşyga gatnaşyjylar nebitgaz pudagynda Türkmenistan bilen özara gatnaşyklaryň taslamalary, döwlet maýa goýum syýasatynyň giňişleýin maglumatlary, Türkmenistanyň hökümetiniň daşary ýurtly maýadarlary bilen hyzmatldaşlygy baradaky meýilnamalary we geljegi uly türkmen bazaryna täze hyzmatdaşlygyň çekilmeginiň ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanda önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamalar esasynda dürli ýurtlaryň köpsanly belli kompaniýalary üstünlikli iş alyp barýarlar. “Petronas”, “Dragon Oýl”, “CNPC” ýaly dünýä ykdysadyýetiniň binýatlaýyn puldaklary bolup durýan iri hyzmatdaşlaryň netijeli gatnaşyklary dünýäniň işewür toparlarynyň nebitgaz işewürlerine bolan gyzyklanmalarynyň barşynda Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçiliklere eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hususan-da, Beýik Britaniýanyň paýtagtynda geçen forumda “Türkmennebit”  döwlet konserniniň “Hazarnebit” nebit çykaryjy kärhananyň hünärmenleri bilen bilelikde iş alyp barýan “Buried Hill Energy”, “Gaffney, Cline&nd Associates”, “WP Eksploration” ýaly kompaniýalaryň top-menejmenti görkezildi. Hazar deňziniň türkmen ýalpagyndaky uglewodorodlary işläp taýýarlamak boýunça toplanylan tejribe we onuň geljegi barada gürrüň berýän tanyşdyryş çäreleri geçirildi.

“Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň ýolbaşçy düzümleriniň wekilleriniň, “Türkmengeologiýa”  döwlet korporasiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky  Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky Döwlet agentliginiň wekilleriniň, şeýle hem “Dragon Oýl (Türkmenistan) LTD”, “Peronas Çarigali Türkmenistan”, “CNPC internasional Türkmenistan”  ýaly kompaniýalaryň wekilleriniň çykyşlary  “Türkmenistanyň nebitgaz pudagy—maýa goýum üçin mümkinçilikler”  atly foruma gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Daşary ýurtly işewürler öz çykyşlarynda Türkmenistanyň nebit we gaz ýataklaryny gözlemek, özleşdirmek we işläp taýýarlamak babatda birnäçe iri taslamalary ýerine ýetirip gazanan tejribeleri barada aýtdylar.

Forumyň jemini jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylar bu ýerde geçirilen gepleşikleriň ýokary netijä eýe bolandygyny bellediler. Şu  duşuşyk energetika pudagyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekde möhüm orun eýelär. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru