BMG-nyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Oýuynsaýhan DENDEWNOROWA bilen söhbetdeşlik

0
168
1
0

BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Hökümeti bilen soňky 20 ýylyň dowamynda hyzmatdaşlyk alyp barýar. 1992-nji ýyldan bäri BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda çagalary goramagyň hukuk esaslaryny güýçlendirmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, sanjymlary geçirmek, çagany ir ýaşdan ösdürmek, bilim we çagalaryň bähbidine gönükdirilen maglumat – habar beriş işleri ýaly ugurlarda pugta hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda 2016-2020-nji ýyllar aralygynda hyzmatdaşlyk etmegiň bäş ýyllyk meýilnamasy taýýarlanyldy. Hyzmatdaşlygyň täze meýilnamasy milli ösüş ugurlaryna laýyk gelýär we Türkmenistanyň Hökümetine çagalar hakyndaky kadalaşdyryjy hukuk esaslaryny, meýilnamalary we tejribeleri halkara ykrar edilen ülňülerine we öňdebaryjy tejribelere laýyk getirmek ýoly bilen, çaganyň hukuklaryny ilerletmekde goldaw bermeklige gönükdirilendir.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş meseleleri boýunça eden taryhy çykyşynda Türkmenistan BMG-niň BMGÖM, ÝUNESKO, ÝUNISEF ýaly düzümleri bilen bilelikde ählumumy, adalatly we ýokary hilli bilimi gazanmak boýunça halkara  gatnaşyklarynyň ösdürilmegini durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde üstünligiň esasy şerti hasaplaýandygyny beýan etdi. Hormatly Prezident “Hemmetraplaýyn, adalatly we ýokary hilli bilimi üpjün etmek meseleleri hem täze halkara Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar” diýip belledi.

Şeýle hem BMG giňden höweslendirse, bu işleriň netijeli boljakdygyna doly ynam bildirmek bilen,  geçiriljek işleriň giň halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak, bilim babatda ýurtlar, sebitler boýunça we ählumumy derejede täze maksatnamalary ornaşdyrmak arkaly amala aşyrylmalydygyny hakynda nygtap bellemegi biziň üçin örän möhüm nukdaýnazardyr. Biz Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýurtda çagalaryň bagtly durmuşyny üpjün etmek, olaryň hukuklaryny goramak,  sazlaşykly ösmekleri üçin şertleri döretmek baradaky alyp barýan syýasatyny doly goldaýarys we bu ugurda alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw edýäris.

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru