Aşgabatda durky düýpli täzelenen «Altyn asyr» söwda merkeziniň açlylyş dabarasy boldy

0
405
1
0

Mukaddes Gurban baýramynyň şanyna täze binalardyr desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Paýtagtymyzda durky düýpli täzelenen «Altyn asyr» söwda merkezi işläp başlady.

Durky täzelenen «Altyn asyr» söwda merkeziniň Aşgabat şäheriniň «10 ýyl abadançylyk» köçesiniň ugrunda, ýagny paýtagtymyzyň Garaşsyzlyk binasynyň golaýynda ýerleşýär.

Bu desganyň durky Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň buýurmasy boýunça ministrligiň Abatlaýyş-gurluşyk kärhanasy tarapyndan düýpli täzelenildi. Oňa iň döwrebap enjamlar ornaşdyryldy. Umumy meýdany 14 müň 296,7 inedördül metr bolan söwda merkeziniň binasy 8 gatdan ybarat bolup, onda dükanlaryň 17-si, restoranlaryň 2-si, oýun zallarynyň 2-si müşderilere gapysyny giňden açdy.

Söwda merkeziniň birinji gatynda uly ýaşly adamlar üçin oýun zaly, mebel we çeperçilik önümleri dükany, dokma we haly önümleri dükany, tele-radio, kompýuter harytlary dükany, elektron harytlar dükany, «Super market» dükany we çagalar üçin oýun zaly ýerleşýär. 2-nji gatda dükanlaryň 12-si, ýagny egin-eşik dükanlary, galantereýa harytlary dükany, dokma önümleriniň dükany, aýakgap dükany, sport dükany, hojalyk we elektrik harytlary dükany, öýjükli, hojalyk telefonlary, sagatlar dükany, sowgatlar we parfýumeriýa dükany, çaga oýnawaçlary dükany we kanselýariýa harytlary dükany bar.

Ýurdumyzda öndürilen dokma önümleri, türkmen halylary we haly önümleri alyjylaryň ösen isleglerini kanagatlandyrýar. Bu önümler “Altyn asyr” söwda merkezinde hem mynasyp orun tapypdyr. Ýaglyklaryň dürli görnüşleri, sowgatlyk önümler, tahýalar, telpekler, horjunlar, goştorbalar we beýleki harytlar dükanlary bezeýär. Önümleriň köpüsinde 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny alamatlandyrýan şekilleriň bolmagy bu iri sport baýramçylygynyň-da barha golaýlaýandygyny buşlaýar. Bu ýere gelýän daşary ýurtly syýahatçylar bu önümlere uly isleg bildirýärler. Olar türkmen milli egin-eşikleriniň hem hyrydary.

«Super marketde» gök-bakja ekin önümleri, miweler, ir-iýmişler, et we et önümleri, süýt önümleri, miwe şireleri, dürli görnüşli gazlandyrylan içgiler, süýjüdir kökeler, gaplanan balyk, et, towuk önümleri, çaýlaryň dürli görnüşleri, un we unaş önümleri, duzlanyp gaplanan gök önümler, her dürli ýaglar, çagalar üçin niýetlenen azyk önümleri, owadan gaplara gaplanan tüwi, nohut, noýba, greçka ýaly önümler, dürli görnüşli işdäaçarlar, ary baly, gawundan taýýarlanylan kak we azyk harytlarynyň başga-da köp görnüşleri hödürlenilýär. Bu ýerdäki önümleriň hatarynda, esasan, milli önümlerimiziň, telekeçilerimiziň öndüren harytlarynyň bolmagy has-da guwandyryjydyr.

Kanselýariýa harytlary dükanynda müşderiler dürli neşir önümlerini, edebi-çeper kitaplary hem satyn alyp bilerler.

Söwda merkeziniň işgärlerine hem döwrebap mümkinçilikler, dynç alyş, zähmet şertleri üpjün edilýär. Otaglaryň, dükanlaryň giňligi, ýagtylygy, döwrebaplygy hem-de kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi göwnüňi göterýär. Bu ýere gireniňden, owadan bezegler özüne çekýär.

«Altyn asyr» söwda merkeziniň 3-nji hem-de 4-nji gatlarynda iş otaglary we ammar jaýy, 5-nji gatynda aşhana ýerleşýär. Onuň 6-njy gatynda 120 orunlyk restoran, 7-nji gatynda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen bar, 55 orunlyk ýapyk restoran, şeýle-de 115 orunlyk üsti açyk restoran bar. Bu ýere gelen ildeşlerimize we daşary ýurtly myhmanlara datly tagamlar, dürli ýakymly içgiler hödürlenilýär. Olara açyk asmanyň astynda dynç alyp, paýtagtymyzyň ajaýyp keşbini synlaga mümkinçilik döredilendigi bellärliklidir. Ýörite dürbülerde Aşgabadyň gözelligini synlamaga hem mümkinçilik döredilipdir. Daş-töwereginiň bagy-bossanlyga bürenmegi bu ýerde howanyň, daşky gurşawyň has-da jana tenekar bolmagyny üpjün edýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru