Soňky habarlar

Arhiw

Awazada “Syýahatçylyk we gezelenç”atly halkara sergisi we maslahaty geçiriler

12:5419.09.2015
0
7251

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç”  atly halkara sergisi hem-de maslahaty geçiriler. Bütindünýä syýahatçylyk gününe bagyşlanyp geçiriljek bu çärä dünýäniň dürli ýurtlaryndan syýahatçylyk kompaniýalarynyň, Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň, GDA-nyň Ýerine Ýetiriji  komitetiniň, şeýle hem birnäçe halkara syýahatçylyk agentlikleriniň, myhmanhana hyzmatlary ulgamynda ýöriteleşdirilen kärhanalaryň wekilleri, işewürler, ylmy işgärler gatnaşarlar. Maslahatyň işi üç ugur boýunça geçiriler. Olar "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň mümkinçilikleri, syýahatçylygy ösdürmekde Türkmenistanyň medeni-taryhy we tebigy ýadygärlikleriniň ähmiýeti,syýahatçylyk senagaty we ykdysady innowasiýalar ýaly ugurlardan ybarat bolar.

Syýahatçylyk  dünýä ykdysadyýetiniň düşewüntli we uly geljegi bolan ugurlarynyň biri bolup durýar. Dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşmagy nazarlaýan ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamynyň  ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda halkara derejeli "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi boýunça iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan syýahatçylygy we onuň dürli ugurlaryny ösdürmek üçin ähli   zerur şertlere eýedir. Ajaýyp taryhy – binagärlik ýadygärlikler, ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklary, türkmen halkynyň baý medeni we özboluşly däp-dessurlary gadymy döwürlerden bäri syýahatçylaryň we alymlaryň ünsüni özüne çekýär. Häzirki döwürde Türkmenistana gelýän jahankeşdeleriň sanynyň artmagy biziň ýurdumyza bolan gyzyklanmalaryň yzygiderli ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň