Türkmenistanyň Prezidentiniň Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasynda eden çykyşy

0
538
0
0

Hormatly Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasyna gatnaşyjylar! 
Hanymlar we jenaplar!

Şu gün biz Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasynyň dabaraly açylyşyna gatnaşýarys. Baş Assambleýa gatnaşmak üçin Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň, Aziýa we Okeaniýa döwletleriniň 62-siniň Milli Olimpiýa Komitetleriniň wekilleri ýurdumyza geldi.

Hormatly Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti Şeýh Ahmad Al-Fahad Al Sabah!

Hormatly Aziýa we Okeaniýa  döwletleriniň Milli Olimpiýa Komitetleriniň wekilleri!

Size myhmansöýer Türkmenistana «Hoş geldiňiz!» diýip ýüzlenýärin. Bu iri halkara çäresiniň ýurdumyzda geçirilýändigi üçin, Aziýanyň Olimpiýa    Geňeşiniň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin! Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän bu möhüm çäräniň bütin Aziýa sebitinde sporty ösdürmekde ägirt uly ähmiýetiniň bardygyna ynanýaryn.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylda Türkmenistanda geçirilmegine halkara sport dünýäsinde Garaşsyz, Bitarap döwletimize goýulýan uly hormat diýip düşünýäris. Türkmenistanyň sport ulgamynda gazanan üstünlikleriniň bütin dünýäde ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde garaýarys.

Şeýle hem bu çäre ýurdumyz bilen, sport ulgamynda gazanan üstünliklerimiz, gözel paýtagtymyz bilen ýakyndan tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döreder.

Siziň ähliňizi Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Baş Assambleýanyň işine uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatly Baş Assambleýa gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Hanymlar we jenaplar!

Türkmenistan halkara durmuşyna işjeň gatnaşýan ýurt hökmünde dünýäde sagdyn durmuş kadalarynyň giňden berjaý edilmegine çalyşýar. Halkara derejesinde bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini wagyz etmäge, onuň hatarlaryna dürli   ýaşdaky adamlary çekmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Biziň ýurdumyz hem ikitaraplaýyn, hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tarapdary bolmak bilen, dürli derejelerde, hususan-da, halkara guramalarynyň çäklerinde häzirki we geljekki nesiller üçin uly ähmiýeti bolan meseleleri yzygiderli teklip edýär we olary çözmäge işjeň gatnaşýar.

Şu gün geçirilýän Assambleýa hem bu aýdylanlara doly şaýatlyk edýär. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasynyň biziň ýurdumyzda geçirilmegi halkara Olimpiýa hereketine işjeň gatnaşyjy hökmünde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana dünýä jemgyýetçiliginiň ynamynyň ýokarydygyny aýdyň görkezýär.

Hormatly Baş Assambleýa gatnaşyjylar!

Hanymlar we jenaplar!

Biziň ýurdumyz 1993-nji ýyldan bäri Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň doly  hukukly agzasy bolup durýar. Halkara Olimpiýa Komiteti we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu guramalaryň Olimpiýa hereketini we sporty ösdürmek boýunça öňde duran wezipeleri amala aşyrmaga gönükdirilen işlerine hemmetaraplaýyn ýardam berip gelýär. Şoňa görä-de, 2010-njy ýylyň dekabr aýynda Kuweýt döwletinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň arasynda 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakyndaky şertnama gol çekildi.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasynyň hem şu gün Aşgabatda geçirilmegi ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň özboluşly ykrar edilmegidir. Bu çäräniň 2017-nji ýylda V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmäge uly ýardam berjekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly adamlar!

Türkmenistan Olimpiýa hereketiniň ýokary ynsanperwer däplerine berk  eýerýär. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek berkarar döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şoňa görä-de, biz sporty ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň birnäçesini kabul etdik. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011–2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanda 2012–2016-njy ýyllarda sporty ösdürmegiň we ussat türgenleri taýýarlamagyň umumydöwlet maksatnamasyny» görkezmek bolar.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň    Prezidentiniň ýurdumyzy 2012–2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan  ösdürmegiň Maksatnamasy, Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça   2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Bu maksatnamalarda hem sport ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär.

Şol maksatnamalara laýyklykda,  ýurdumyzda häzirki zaman stadionlary, sport toplumlary we mekdepleri, beýleki köp sanly sport desgalary gurlup, ulanmaga berilýär.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem sport-sagaldyş toplumly häzirki    zaman desgalary, çagalar üçin tomusky dynç alyş-sagaldyş merkezleri yzygiderli gurulýar. Kabul edilen bu maksatnamalaryň ählisi uly möçberde gönükdirilýän döwlet serişdeleriniň hasabyna durmuşa geçirilýär.

Garaşsyz Watanymyzda her ýyl «Türkmenistan — ruhubelentligiň we   sagdynlygyň ýurdy» diýen at bilen mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň arasynda sport ýaryşlary guralýar. Her ýylyň aprel aýynda «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» diýen at    bilen köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çärelerini geçirmek hem indi asylly däbe öwrülýär.

Bulardan başga-da, Bitarap döwletimizde milli we halkara derejelerinde dürli sport ýaryşlary, beýleki sport çäreleri yzygiderli geçirilýär. Ýaş sport ussatlarymyz ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň düzüminde abraýly halkara ýaryşlaryna gatnaşýarlar. Bu ýaryşlarda olaryň köpüsi baýrakly orunlary eýeläp, Garaşsyz Watanymyzyň Döwlet baýdagyny belentde parladýarlar.

Biziň bedenterbiýäni we sporty  ösdürmäge gönükdirilen köp sanly başlangyçlarymyz we taslamalarymyz ýurdumyzyň ilatynyň arasynda giň goldaw tapýar. Şu başlangyçlar we taslamalar halkara derejesinde hem ykrar edilýär. Alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde ýurdumyzyň ilatynyň arasynda sport bilen işjeň meşgullanýan adamlaryň sany barha artýar. Biz bu ugurda gazanan üstünliklerimize buýsanýarys!

Hormatly Baş Assambleýa gatnaşyjylar!

Hanymlar we jenaplar!

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasyny Olimpiýa şäherjiginde geçirýändigimize siziň ünsüňizi çekmek isleýärin. Olimpiýa şäherjigi 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin ýörite gurulýar. Taryhy ähmiýeti  bolan  şu  Assambleýa  bolsa 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçiriljek halkara sport baýramçylygynyň özboluşly başlangyjy hökmünde çuň many-mazmuna we uly ähmiýete eýe bolýar.

Bahasy 5 milliard amerikan dollaryna golaý bolup, meýdany 157 gektara barabar Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygynda halkara ölçegleri we talaplary doly göz öňünde tutuldy. Olimpiýa şäherjiginde sport, ýaşaýyş-durmuş we medeni maksatly desgalaryň 30-a golaýy hem-de üpjünçilik ulgamlary bar.

Bu özboluşly sport şäherjiginiň gurluşygy üç tapgyrda amala aşyrylýar. Häzirki döwürde birinji tapgyrda bellenen gurluşyk işleri doly tamamlandy. Ikinji   tapgyrda göz öňünde tutulan gurluşyk işleriniň 95 göterimi, üçünji tapgyrda meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygynyň bolsa 40 göterimi ýerine ýetirildi.

Häzir Olimpiýa şäherjiginde gurluşyk işleri ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Ikinji tapgyrda göz öňünde tutulan desgalaryň gurluşygyny şu ýylyň dekabr aýynda, üçünji tapgyrda göz öňünde tutulan desgalaryň gurluşygyny bolsa 2017-nji ýylyň mart aýynda doly tamamlap, ulanmaga bermek bellenilýär.

Mümkinçilikden peýdalanyp, siziň ähliňizi Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasynyň geçirilýän günlerinde Olimpiýa şäherjiginde gurulýan desgalara baryp görmäge we bu desgalar bilen ýakyndan tanyşmaga çagyrýaryn. Bu ugurda siziň ähli bellikleriňizi we teklipleriňizi biz V Aziýa oýunlaryna çenli galan döwürde doly göz öňünde tutarys.

Hormatly Baş Assambleýa gatnaşyjylar!

Hanymlar we jenaplar!

Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy bilen bir hatarda, biz 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede geçirmek üçin, giň möçberli guramaçylyk işlerini hem alyp barýarys. Bu ugurda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýäris. Şeýle hem dürli halkara çärelerini yzygiderli geçirýäris.

Siziň bilşiňiz ýaly, 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komiteti döredildi. Guramaçylyk komitetiniň eýýäm birnäçe mejlisi hem geçirildi.

Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde 2013-nji ýylyň 29-njy iýuny — 6-njy iýuly aralygynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagy Inçhon şäherinden Aşgabat şäherine gowşuryldy. Bu baýdak ýurdumyzyň paýtagtyna uly dabara bilen getirildi. Şol ýylyň dekabr aýynda V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet döredildi.

Bu Komitet bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň «CSM Sport & Entertainment LL Ptradingas CSM Strategic»  kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama esasynda geçen ýyl V Aziýa oýunlaryny geçirmegiň Baş meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Ol Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi tarapyndan doly makullanyldy.

Geçen ýylyň 28-nji noýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça  V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komiteti we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen Okeaniýa döwletleriniň Milli Olimpiýa Komitetleriniň arasynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu resminama laýyklykda, 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna Aziýanyň Olimpiýa Geňeşine agza bolup durýan Milli Olimpiýa Komitetleriniň 45-sinden başga-da, ilkinji gezek Okeaniýa döwletleriniň Milli Olimpiýa Komitetleriniň hem 17-siniň    gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna sportuň 21 görnüşi girizildi. Olar sportuň ýeňil atletika, suwda ýüzmek, basketbol, futzal, tennis, welosiped sporty, sport göreşi, küşt, sport tansy, agyr atletika (pauerlifting), kik-boksing, taý boksy, sambo, kuraş, guşakly göreş, jiu-jitsu, taekwondo (WTF), bouling, bilýard, türkmen milli göreşi we konkur (atçylyk sporty) görnüşleri bolup durýar.

V Aziýa oýunlaryny wagyz etmek we mahabatlandyrmak boýunça hem 2013–2015-nji ýyllarda dürli çäreler üstünlikli geçirildi. Şol çäreleriň hatarynda halkara sport mediýa forumlaryny, «Aşgabat — Aziada—2017-niň paýtagty» atly halkara sport sergisini, «Aziada—2017-niň tagamlary» atly ýörite okuwy, «Aziada—2017 we Türkmenistanyň ösüşiň hem-de parahatçylygyň bähbidine sportda tutýan orny» atly halkara maslahatyny görkezmek bolar.

Geçen ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyzda Guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça dünýä çempionaty guraldy. Şeýle hem şu ýylyň fewral aýynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Utgaşdyryjy komitetiniň birinji mejlisi geçirildi.

Hormatly adamlar!

Garaşsyz Watanymyz sport ulgamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär. Biz dürli derejelerde, aýratyn-da, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen bütin    dünýäde parahatçylygy berkitmegiň we ynsanperwerligiň bähbitlerine hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge we ösdürmäge çalyşýarys.

Berkarar Watanymyzda 2015-nji ýyl Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi. Şoňa görä-de, biz şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny hemmetaraplaýyn açyp görkezýän ýokary derejedäki halkara maslahatyny geçirmegi göz öňünde tutýarys.

Bu taryhy wakanyň öň ýanynda ýurdumyzda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasynyň geçirilmegi bolsa hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrýar. Bütin dünýäde hoşniýetli halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça alyp barýan işlerimize ýardam berýär.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrýarys.

Hormatly adamlar!

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasynda serediljek meseleleriň we kabul ediljek çözgütleriň sporty mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine, bu ugurda öňde goýlan maksatlara ýetmek we täze üstünlikleri gazanmak üçin giň mümkinçilikleri döretjekdigine berk ynanýaryn. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru