Ilçileriň medeni mirasy gorap saklamak baradaky gaznasy türkmen mirasyny gorap saklamaga kömek edýär

0
671
0
0

Aşgabat, 2015-nji ýylyň 14-nji sentýabry  Amerikanyň Birleşen Ştatlary Ilçileriň medeni mirasy gorap saklamak baradaky gaznasynyň baýragyny Goňur Depe taslamasyna bermek bilen Türkmenistanyň halky bilen gatnaşyklaryny mundan beýläk hem berkidýär. 2015-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Allan Mastard Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýine Ilçileriň medeni mirasy gorap saklamak baradaky gaznasynyň 2015-nji ýylyň baýragyny dabaraly ýagdaýda gowşurar. Möçberi ABŞ-nyň 98,250 dollaryna barabar bolan baýrak Türkmenistanyň bürünç döwrüniň meşhur Goňur Depe (b.e. 2300-1600 ýyl öň) ýadygärliginiň ýerasty guburlarynyň mozaika bezeginiň öwrenilmegi, gorap saklanmagy we dikeldilmegi üçin ulanylar. 

Soňky 15 ýylyň dowamynda ABŞ-nyň hökümeti Türkmenistanda - dünýäde iň köp - 23 sany taryhy taýdan wajyp ýadygärlikleriň gorap saklamak taslamalaryny goldady. Bu baýraklaryň umumy möçberi ABŞ-nyň 1,4 million dollaryndan aşdy. 

2001-njy ýylda ABŞ-nyň Kongresi tarapyndan döredilip, Döwlet departamenti tarapyndan dolandyrylýan "Ilçileriň medeni mirasy gorap saklamak boýunça gaznasy" atly maksatnamasy her ýyl geçirilýän bäsleşikdir. Bu gazna ýüzden gowrak ýurtlara olaryň medeni mirasyny, medeni ýadygärliklerini we senetçilik önümlerini gorap saklamaga maliýe goldawyny berýär. Gazna tarapyndan goldanan taslamalaryň hataryna gadymy we taryhy binalaryň gaýtadan dikelmegi, seýrek golýazmalaryň we muzeý toplumlarynyň gorap saklanmagy, wajyp arheologik ýadygärlikleriň gorap saklanmagy, we ýitip barýan senetçilik nusgalarynyň hem-de ýerli dilleriň gorap saklanmagy girýär. 

Baýragyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy 2015-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň taryh institutynda sagat 15:00-da bolup geçer. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru