Soňky habarlar

Arhiw

Derwezе etrabynda gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyp, ulanylmaga berildi

06:2614.09.2015
0
4910

12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Derweze etrabynda täze kuwwatly gazturbinaly elektrik bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

... Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar. Hormatly Prezidentimiz “General Elektriс Power & Water” amerikan kompaniýasynyň Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary boýunça ýolbaşçysy  Rikardo Kordoba, şeýle hem  “Çalyk Holding” kompaniýasynyň dolandyryjylar toparynyň geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk  (Türkiýe) bilen gazturbinaly elektrik bekedine barýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň el çarpyşmagy bilen dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär we gazturbinaly elektrik bekediniň dolandyryş merkezine barýar.

Dolandyryş merkeziniň hünärmenleriniň habar bermeklerine görä, 32 gektar meýdanda ýerleşen täze desgaa häzirkizaman tehnologiýa enjamlarynyň tutuş toplumyndan ybaratdyr. Olaryň hatarynda her biriniň kuwwaty 126,1 megawatta golaý bolan ABŞ-nyň dünýä belli köpugurly senagat läheňi “General Elektriс” kompaniýasynyň önümi bolan GE 9E dört sany kuwwatly gazturbinaly desgasyny aýratyn bellemek gerek.  Bu häzirkizaman desgalarynyň işe girizilmegi  bir gije-gündizde 12 million kilowat/sagat elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berer, ol  elektrik energiýasyny kiçi elektrik beketlerine paýlamaga ýardam eder.

Elektrik bekediniň hünärmeni milli Liderimize täze desganyň tehniki görkezijileri barada habar bermek bilen, çylşyrymly tehnologiýa işleriniň netijesinde gaz paýlaýjy beketde tebigy gazyň zerur derejä ýetirilmegi bilen arassalaýjy filtlerleriň üstünden geçirilip, ýakyjy kamera geçrilýändigini we olary örän ýokary derejedäki gyzgynlyga eýe bolan garyndynyň herekete getirýändigini gürrüň berdi. Turbinalaryň aýlanyş kuwwaty olara birikdirilen generatorlar arkaly tok elektrik energiýasyna öwrülýär. “General Elektriс” amerikan kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan gaz turbinalarynyň işleýiş tehnologiýasy häzirki wagta iň netijeli, howpsuz we ekologiýa taýdan arassa hasap edilýär.

Munuň özi daşky gurşawy goramakda örän uyl ösüşdir we zyýanly galyndylarynyň möçberini azaltmak üçin peýdalanýylýan suwy  hem-de tebigy gazy tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Elektrik bekediniň işleýiş ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, onuň ätiýaçlyk, dizel ýangyjynda işlmegi hem göz öňünde tutulandyr. Munuň üçin energiýa toplumynyň çäklerinde  her biriniň kuwwaty 1263 kilowat/sagada deň bolan dizel generatorlarynyň 4-si oturdyldy, dizel ýangyjyny ýeterlik mukdarda ätiýaçlykda saklamak üçin uly göwrümli gaplar bina edildi. 

Elektrik bekediniň baş binasy barada aýdylanda bolsa, bu ýerde dolandyryş işgärleriniň otaglary, şeýle hem elektrik bekedi dolandyrylýan esasy desga ýerleşýär we ol iň häzirkizaman kompýuter ulgamlary hem-de  Italiýadan, Belgiýadan, Gollandiýadan, Türkiýeden, Çehiýadan we beýleki ýurtlardan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň öndüren dürli tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol bekediň hünärmenlerine gazturbinaly  enjamlarynyň we paýlaýjy gurnamalaryň sazlaşykly işine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär, paýlaýjy abzallar dürli kuwwatlykdaky elektrik energiýasyny ibermäge, şeýle hem arassalanan we gyzdyrylan tebgy gazy gaz turbina enjamlaryna bölüp berýän bekedi dolandyrmaga mümkinçilik berýär.

Täze elektrik bekediniň taslamasynyň çäklerinde işgärler üçin umumyýaşaýyş jaýy, ýangyna garşy göreş gullugy üçin bina, ammar we beýleki kömekçi binalar guruldy. Edara binasynda iş otaglarynyň 16-sy ýerleşdirildi, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen okuw geçmek üçin 50 orunlyk synp otagy, mejlisler zaly, naharhana bar.

Döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda düwmäni basyp, täze elektrik bekedini işe girizýär. Şeýlelikde, täze elektrik bekedinde işlenip çykarylýan elektrik energiýasy Türkmenistanyň umumy energetika ulgamyna goşulýar. Derwezedäki gazturbinaly elektrik bekediniň işe girizilmegi diňe bir paýtagtymyza elektrik energiýasyny ibermegi artdyrmak, okgunly ösýän Aşgabat şäheriniň energiýa ulgamynyň bökdençsiz işlemegi üçin goşmaça kepillikleri üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş welaýaty köp ýyllaryň dowamynda elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berer,  türkmen elektrik energiýasynyň eksport möçberlerini ep-esli artdyrar.  

Bu elektrik bekedi türkmen paýtagtyny elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi has-da gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn taslamany dumuşa geçirmek maksady bilen Aşgabadyň töwereginde döredilýän täze energetika halkasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Paýtagtymyzyň ähli etraplarynda dürli kuwwatlykdaky onlarça kiçi elektrik beketleri, ýüzlerçe elektrik paýlaýjy enjamlar oturdylar, birnäçe ýüz kilometr uzynlykda elektrik geçirijileri çekiler. Köçeleri yşyklandyrmak üçin kiçi transformator beketleri gurlar. Ähli ýaşaýyş jaýlarynda diýen ýaly paýlaýjy enjamlar çalşylar we olaryň ýerine elektrik geçirijileri çekiler. Şeýlelikde, öz möçberleri boýunça ägirt uly bolan bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen Aşgabadyň tutuş elektrik üpjünçiligi doly täzelener.

Döwlet Baştutanymyz mejlisler zalyna geçýär, bu ýerde pudaklaýyn edaralaryň wekilleri, elektrik stansiýalarynyň işgärleri, daşary ýurt işewürleri ýygnandylar.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylar bilen duşuşykda ýurdumyzyň elektrik energiýasyna bolan zerurlyklaryny ygtybarly hem-de bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, 2013-nji ýylyň 12-nji iýulynda “Çalyk  Enerji Sanaýi ve Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasy tarapyndan Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda kuwwaty 504,4 megawat bolan elektrik stansiýasyny gurluşygy baradaky Karara gol çekilendigini aýtdy.  

Elektrik stansiýasy 32 gektar meýdany eýeleýär diýip aýtmak bilen, türkmen Lideri, onuň gurluşygyny mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen ýene-de bu ýerde şonuň ýaly meýdanyň zerur bolan düzümleri hem-de elektrik geçiriji ulgamlary gurmak üçin bölünip berlendigini belledi. Bu taslamaynň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýüzlerçe täze iş orunlary dörediler.

Derweze elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi bilen ýurdumyzda hereket edýän elektrik stansiýalaryň sany 12-ä ýetiriler, olarda 47 turbina bolup, turbinalaryň 30-sy gaz bilen, 14-si bug bilen we 3-si suw bilen işleýärler hem-de şu gün açylan täze desga taslama kuwwatyna çykandan soňra ýurdumyzyň jemi energetika kuwwaty 5178,6 megawatta deňdir.

Soňra “Çalyk Holding”  kompaniýalar toparynyň dolandyryjlar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk we “General Elektriс Rower & Water” amerikan kompaniýasynyň Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary boýunça ýolbaşçysy Rikardo Kordoba döwlet Baştutanymyzy Derweze etrabynda milli ykdysadyýetimiz üçin strategiki ähmiýet eýe bolan desganyň – kuwwaty 504,4 megawatlyk gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň üstünlikli işe girizilmegi bilen gutladylar.

Şanly waka mynasybetli döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň