Türkmenistanyň Prezidenti halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylmagy bilen gatnaşyjylary gutlady

0
557
0
0

Hormatly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylar! 
Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, ýurdumyzyň energetika senagatyny has-da ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokary depginler bilen döwrebaplaşdyrmaga, türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, welaýatlarymyzy durmuş-ykdysady taýdan toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmelere badalga berdik. Bu özgertmeleri durmuşa geçirmegiň hukuk binýady hökmünde kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» we «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy» ýurdumyzy geljekde ösdürmäge gönükdirilen ynamly ädimleriň aýdyň subutnamasydyr.

Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dürli maksatly binalaryň we desgalaryň ýüzlerçesi gurlup, ulanmaga berildi we birnäçesiniň gurluşygy häzirki döwürde güýçli depginler bilen dowam etdirilýär.

Ulanmaga berlen desgalaryň we binalaryň kadaly işlemegi üçin bolsa, beýleki amatlyklar bilen bir hatarda, ilkinji nobatda, elektrik energiýasy zerur bolup durýar.

Şu zerurlyklardan ugur alnyp, «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasy» kabul edildi. Bu resminamada 2020-nji ýyla çenli döwürde ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda jemi 14 sany elektrik stansiýasyny gurmak göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen birlikde, pudaga täze tehnologiýalary, netijeli we öndürijilikli işleýän enjamlary ornaşdyrmak, elektrik energiýasynyň önümçiliginde daşky gurşawy goramaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek, Günden we ýelden elektrik energiýasyny öndürmek bilen bagly meseleler döwletimiziň öňünde duran möhüm wezipeleriň biridir.

Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmegi bilen, geljekde elektrik energiýasynyň öndürilişi düýpli artdyrylar. Ýakyn wagtlarda obalarda, şäherçelerde, etrap merkezlerinde energiýa paýlaýjy ulgamlaryň, transformator beketleriniň durky düýpli täzelener.

Biz energetika pudagyny durnukly ösdürmek bilen, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän elektrik energiýasynyň eksportuny yzygiderli artdyrýarys. Mary döwlet elektrik stansiýasyndan Owganystanyň serhedine çenli gurlan ýokary woltly howa elektrik geçirijisi, Lebap welaýatynda gurlan Lebap döwlet elektrik stansiýasy goňşy ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini birnäçe esse artdyrmaga mümkinçilik berer. Häzirki döwürde transmilli elektrik geçirijileri möhüm ykdysady we geosyýasy ähmiýete eýe bolup, olar sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.

Gadyrly dostlar!

Ýakyn geljekde ýurdumyzyň welaýatlarynda guruljak döwrebap we ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen häzirki zaman gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň işe girizilmegi bilen, energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyrylar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda gaz turbinaly elektrik stansiýalaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga we täzelerini gurmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär, täze elektrik geçirijileri, paýlaýjy ulgamlar gurulýar. Paýtagtymyzda hem-de tutuş ýurdumyzda energiýa üpjünçilik we daşky yşyklandyryş ulgamlaryny täzelemek işleri alnyp barylýar. Energetika senagatynda pudaklaýyn taslamalary durmuşa geçirmekde in täze, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary ulanmak ýurdumyzyň energetika pudagynyň esasy wezipeleriniň biridir.

Hormatly myhmanlar!

Şu günki geçirilýän halkara sergisinde we ylmy maslahatynda Türkmenistanyň energetika pudagynyň ýeten sepgitlerine göz ýetirmek, pudagyň öňünde durýan derwaýys meseleleri, geljekki ösüş meýilnamalaryny, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmak, ýurdumyzyň kärhanalaryna köpsanly daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny kesgitlemek üçin giň mümkinçilikleriň dörejekdigine berk ynanýaryn!

Mähriban adamlar!

Hormatly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylar!

Sizi «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru