Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna gatnaşýan myhmanlar gürrüň berýärler

0
596
2
1

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Jasinta Barrins:

— Men Hökümetiň döwlet meselelerini halk bilen ara alyp maslahatlaşmagyna ajaýyp mümkinçilik döredýän Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna gatnaşmaga çagyryldym — meniň üçin uly hormat.

BMG-niň resmi wekili hökmünde döwlet derejesindäki meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýan şeýle mejlisleriniň tejribesini edinmek diýseň peýdaly hasaplaýaryn. Forumyň barşynda ýurduň durmuş taýdan, energetika ulgamynyň ösüşine, ýerli harytlaryň eksportyny artdyrmaga uly üns berildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan suw serişdelerini tygşytly, hususan-da, suwy daşky gurşawa zelel ýetirmez ýaly ulanmak baradaky möhüm mesele gozgaldy.

Forumda ýurtda bilimi we sporty ösdürmek, medeni mirasy gorap saklamak ýaly meseleleriň gozgalandygy hem meni diýseň begendirýär.

Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň mejlisinde men üçünji gezek gatnaşýaryn. Indiki ýaly Aşgabatda geçjek forumyň işine hem höwes bilen gatnaşaryn diýip tama edýärin.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru