“Aeroport — Gyýanly — Awaza” awtomobil ýolunyň çatrygynda dikeldilen “Daýanç” we “Ýelken” atly monumentleri dikeldildi

0
1452
1
0

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna gabatlanyp, “Aeroport — Gyýanly — Awaza” awtomobil ýolunyň çatrygynda “Daýanç” we “Ýelken” atly monumentleri dikeldildi.

Bu binalar “Gündogdy” türkmen hususy gurluşyk kompaniýasy tarapyndan guruldy.

“Daýanç” binasy labyr görnüşinde ýerine ýetirilip, beýikligi 30 metre, ini 60 metre barabardyr. Onuň düzüminde howanyň basyşyny ölçeýän termometr, kompas, sagat bilen üpjün edilen, momumentiň tutuş boýy türkmen haly gölleri bilen şekillendirilendir.

Bu ýerden uzak bolmadyk ýerde “Ýelken” görnüşli monument gurlup, onuň beýikligi 36 metre, ini 60 metre barabardyr. “Daýanç” binasy ýaly, bu bina hem bütin beýikligi boýunça ajaýyp türkmen halylarynyň göli we 12 sany çarlak guşlaryň şekili bilen bezelipdir.

Toplumlaryň daş-töweregi abadanlaşdyrylyp, tebigy gözelligiň döwrebap meýilleri nazara alyndy. Özboluşly suw çüwdürimleri toplumlara öwüşgin çaýýar.

Labyr we ýelken görnüşindäki monumentler türkmen halkynyň umyt-arzuwyny we Türkmenistanyň röwşen geljegini alamatlandyrýar. Türkmen döwleti bu gün Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilik syýasaty netijesinde ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen öňe ynamly gadam
urýar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru