Türkmen telekeçileri 84-nji Halkara Izmir sergisine gatnaşýarlar

23:5730.08.2015
0
3494

Türkmen telekeçileri 28-nji awgustda açylan 84-nji Halkara Izmir sergisine gatnaşýarlar. Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministrligi hem-de Izmir şäheriniň Söwda edarasy tarapyndan her ýyl guralýan meşhur we iri sergä dünýäniň altmyşa golaý ýurdundan müňden gowrak edara-kärhana, kompaniýalar gatnaşýar, oňa bir ýarym milliondan gowrak adamyň gelip görmegine garaşylýar.

Türkmenistanyň şu ýyl bu serginiň guramaçylyk komitetiniň hyzmatdaş ýurdy bolup çykyş edýändigi bilen baglylykda, ýurdumyzyň wekiliýeti bu ýere diňe bir dürli görnüşli önümleri getirmek bilen çäklenmän, baý medeni maksatnamany hem düzdi, ony türkmen artistleri tomaşaçylara hödürlediler.

Türkmen bagşylary, meşhur folklor toparlarynyň tansçylary, estrada aýdymçylary serginiň açylyş dabarasyny özboluşly aýdyň öwüşginli çykyşlary bilen bezäp, oňa baýramçylyk ruhuny çaýdy.

Sergi bilen baglanyşykly işlerden başga-da, esasy maksatnamada köp sanly işewürlik duşuşyklary, şol sanda Türkiýäniň ykdysady pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we Izmir şäheriniň häkimiýet wekilleri, sergä gatnaşýan beýleki döwletleriň işewürlik toparlarynyň agzalary hem-de wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri öz içine alýar. Iri möçberli gözden geçirilişiň çäklerinde, Türkmenistanyň söwda-ykdysady mümkinçilikleri, ýurdumyzyň telekeçileriniň barha artýan işjeňligi bilen tanyşdyryş çäresi guraldy, türkmen işewürleri üçin bolsa Izmir sergisine gatnaşmak öň bar bolan hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek hem-de halkara işewürlik toparlary bilen täze gatnaşyklary ýola goýmak, hususy kärhanalar tarapyndan öndürilýän harytlary türk bazaryna çykarmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýene bir oňyn şert boldy.

Saglygy goraýyş we lukmançylyk, maşyngurluşyk, himiýa we nebithimiýa önümleri, IT we telekommunikasiýalar, oba hojalygy, azyk senagaty, halkyň sarp edýän harytlary, mebel we durmuş enjamlary, gurluşyk we gurluşyk serişdeleri, syýahatçylyk sergide görkezilýän esasy ugurlardyr. Bu pudaklaryň köpüsi boýunça türkmen telekeçileri ýokary derejä çykmagy başardylar, bu bolsa olara ýurdumyzda import önümleriniň ýerini tutýan harytlary öndürmek boýunça milli maksatnamany ýerine ýetirmäge öz goşantlaryny goşmaga mümkinçilik döretmek bilen çäklenmän, daşary ýurt sarp edijilerine önümlerini hödürlemäge, eksporta iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmaga şert döredýär.

Dünýä derejesindäki iri, köp pudaklary öz içine alýan abraýly söwda-sergi çäresinde türkmen bölümi gelýänlerde ýokary gyzyklanma döredýär, bu ozaly bilen milli dokma önümleriniň dürli öwüşgini – nepis nagyşly halylaryň we el haly önümleriniň dürli görnüşleriniň görkezilmegi netijesinde mümkin boldy, olar, şeýle hem el bilen ýerine ýetirilen, milli äheňde tikilen lybaslar islendik binanyň, islendik adamyň, öýüň hakyky bezegine öwrülip biler.

Häzirki zaman ussat zergärleriň şaý-sep önümleri we amaly-haşam sungatynyň beýleki nusgalary milli sergi bölümimiziň bezegini artdyrýar, olar hemişe türkmen önümlerine aýratyn täsirlilik we adatdan daşary öwüşgin çaýýar hem-de ýurdumyzyň sergi bölümini beýleki ýurtlaryň köpsanly diwarlyklaryndan aýratyn tapawutlandyrýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Izmir halkara sergisinde hususy kärhanalar tarapyndan öndürilýän, şol sanda mülkdarlaryň önümçiliklerini, süýji-köke önümlerini, miwe şirelerini we beýlekileri görkezýär. Ýurdumyzda öndürilen senagat harytlarynyň arasynda mebel önümlerini, gurluşyk serişdelerini, durmuş himiýasy önümlerini we beýlekileri görkezmek bolar.

Türkmen önümleri özüniň ýokary hil görkezijileri, ekologiýa taýdan arassa çig mal binýadynda taýýarlanýandygy bilen köpleriň ünsüni çekýär. Öz nobatynda türkmen telekeçileri beýleki ýurtlaryň önüm öndürijileriniň tehnologiýalary hem-de soňky işläp taýýarlamalary bilen içgin tanyşýarlar, daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşýarlar, özara hyzmatdaşlyk babatynda gepleşikleri geçirýärler. Türk hyzmatdaşlary bilen geçirilen duşuşyklarda özara haryt dolanyşygynyň ugurlaryny giňeltmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan bagşa-da, türkmen wekiliýetiniň agzalary Türkiýede bolmaklarynyň çäklerinde bütindünýä “EKSPO-2016 Antaliýa” botanika sergisiniň Baş komissary bilen gepleşikler geçirdiler. Duşuşykda geljek ýylyň 23-nji apreli 30-njy oktýabry aralygynda Antaliýa şäherinde “Güller we çagalar” ady bilen geçiriljek sergä biziň ýurdumyzyň gatnaşmagy baradaky mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.

“EKSPO-2016 Antaliýa” gözden geçirilişine 100-den gowrak ýurduň we 30 halkara guramasynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu çäre Türkmenistanyň işjeň gatnaşyklary, işewürlik diplomatiýasy tehnologiýalaryny taplamagy, ýurdumyzyň telekeçileriniň daşary ýurt bazarlaryna işjeň goşulyşmaklary hem-de olary özleşdirmekleri üçin ýene bir amatly meýdança bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň