Bolgariýanyň Premýer-ministri Türkmenistanda resmi sapar bilen bolar

0
189
0
0

24-25-nji awgustda Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow ýurdumyzda resmi saparda bolar.

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we oňyn halkara hyzmatdaşlyk  ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen Ýewropanyň döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-bolgar gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigi nygtaldy. Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistana bolan resmi sapary hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň awgustynda Bolgariýa bolan resmi sapary  şol gatnaşyklara täze kuwwatly itergi berdi. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-bolgar hökümetara topary döredildi we hereket edýär, iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer-medeni gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär.

Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň resmi saparynyň maksatnamasynda belent mertebeli myhmanyň Türkmenbaşy şäherindäki  Halkara deňiz portunyň gurluşygynda bolmagy we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna, Aşgabat dokma toplumyna baryp görmegi göz öňünde tutulýar. Aşgabatda geçiriljek ikitaraplaýyn gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň  birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Şol resminamalar bolsa döwletara gatnaşyklarynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny has-da berkidiler.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 21-nji awgustda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru