Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň üstünlikleri

19:1215.08.2015
0
17425

Şu ýylyň 7 aýynyň içinde halkara ders hem taslama Internet-olimpiadalaryna gatnaşan türkmenistanly zehinli mekdep okuwçylary 129 medal gazandylar. Olaryň 45-si altyn, 50-si kümüş, 34-si bolsa bürünç medallardyr. Ýurdumyzyň talyplary hem halkara intellektual bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etdiler. Olar 106 (18 altyn, 43 kümüş we 45 bürünç) medal gazandylar. Türkmen talyplary, şeýle hem ýokary netijeleriň gazanylandygyna güwä geçýän diplomlaryň we sertifikatlaryň birnäçesine mynasyp boldular.

Tomusky dynç alyş möwsüminde iki çalşykda Gökderedäki 14 çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde 13 müň 254 mekdep okuwçysy, şonuň ýaly-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky çagalar sagaldyş merkezlerinde 5 müň 988, welaýatlardaky çagalar sagaldyş merkezleriniň 37-sinde 3 müň 990, mekdepleriň ýanyndaky meýdançalarda 48 müň 764 oglan-gyz dynç aldy.

Häzirki wagtda ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň