Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyny Türkmen gawunynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady

0
958
0
0

Eziz watandaşlar!
Ussat bakjaçylar!

Sizi bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna bellenilýän Türkmen gawunynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala agzybirligini, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek we Diýarymyzyň gülläp ösmegi ugrunda çekýän asylly zähmetiňizde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw edýärin!

Ussat ekerançylar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ruhubelentlik bilen çekýän zähmetinden rowaçlanýan eziz Diýarymyz bu gün dünýäniň iň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna goşuldy. Biz ýurdumyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda oba hojalygyny ösdürmäge hem aýratyn üns berýäris. Çünki oba hojalygyny ösdürmek ýurdumyzyň ykdysady binýadyny has-da berkitmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan düýpli özgertmeler, oýlanyşykly kabul edilýän çözgütler ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge hem-de türkmen topragynda öndürilýän ýokary hilli önümleriň daşary ýurtlara eksport edilýän möçberlerini has-da artdyrmaga gönükdirilendir. Bu ugurda edermen oba zähmetkeşleriniň, şol sanda bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýän daýhanlaryň yhlasly we öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär.

Babadaýhanlarymyzyň halal zähmetine mynasyp baha berilýär. Bu bolsa olary täze zähmet üstünliklerini gazanmaga, has ýokary sepgitlere ýetmäge galkyndyrýar, edermen daýhanlarymyzyň ene topraga bolan yhlasyny, ondan bol hasyl öndürmäge, halal zähmetiniň hözirini görüp, bagtyýar ýaşamaga höwesini artdyrýar, ata-babalarymyzdan gelip ýeten daýhançylyk däplerini has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly oba zähmetkeşleri!

Edermen bakjaçylar!

Siz sahawatly türkmen topragyndan pagtanyň, bugdaýyň, dürli ir-iýmişleriň we miweleriň bol hasylyny öndürmek ugrunda gujur-gaýratyňyzy gaýgyrman, zähmet çekýärsiňiz. Şonuň bilen birlikde, bereketli topragymyzyň iň bir arzyly nygmatlary — behişdi miweleri saýylýan datly gawun-garpyzlarymyzy ösdürip ýetişdirmekde hem uly üstünlikleri gazanýarsyňyz. Siziň çekýän asylly zähmetiňiziň netijesinde, ata-babalarymyzyň daýhançylyk tejribesi häzirki zamanyň ekerançylyk usullary bilen utgaşdyrylyp, bakjaçylykda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar hem-de dünýä ýüzünde türkmen gawunynyň şan-şöhraty has-da dabaralandyrylýar.

Güneşli Diýarymyzyň sahawatly sähralarynda, bereketli ýaýlalarynda türkmen gawunynyň bol hasylynyň kemala getirilmegi hem-de onuň rysgal-bereketli saçaklarymyzyň bezegi bolmagy bizi örän guwandyrýar we buýsandyrýar. Ekerançylyk önümlerinden doldurylan bazarlarymyzyň bezegi bolan şirin-şeker gawunlaryň öndürilişini artdyrmakda, olaryň täze görnüşlerini döretmekde we ösdürip ýetişdirmekde ýadawsyz iş alyp barýan ussat bakjaçylarymyzyň we ekerançy alymlarymyzyň bitirýän işleri örän uludyr.

Eziz ildeşler!

Türkmen gawunlary barada dünýä jahankeşdeleriniň, meşhur alymlaryň, syýahatçylaryň we taryhçylaryň ýazgylary biziň günlerimize gelip ýetipdir. Şol ýazgylardan belli bolşy ýaly, Türkmenistan gadymy döwürlerden bäri datly gawunlaryň watany hasaplanýar.

Häzirki döwürde türkmen ekerançylygynyň bakjaçylyk ylmynyň gorunda gawunlaryň 1 600-e golaý görnüşi hasaba alnyp, şolaryň 400-e golaýynyň türkmen topragynyň datly nygmatydygy, has dogrusy, halkymyzyň ekerançylyk mirasy bolan türkmen gawunlarydygy örän buýsançlydyr. Türkmen gawunlary halkymyzyň milli mirasydyr, rysgal-bereketli desterhanlarymyzyň iň bir arzyly nygmatydyr.

Asyrlarboýy dünýäniň ünsüni özüne çekip gelýän türkmen gawunynyň şan-şöhraty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da belende göterilýär. Geljekde hem gadymy ekerançylygyň gülläp ösen mekany bolan türkmen topragynda bakjaçylygyň täze belentliklere göterilmegine döwlet tarapyndan ähli şertler dörediler.

Gadyrly oba zähmetkeşleri!

Eziz watandaşlar!

Sizi gadymy döwürlerden bäri at-owazasy dünýä dolan hem-de sahawatly topragymyzyň iň bir datly nygmaty hasaplanýan Türkmen gawunynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda çekýän asylly zähmetiňizde hem-de ýurdumyzda türkmen gawunynyň täze görnüşlerini döretmekde we ösdürip ýetişdirmekde, mukaddes türkmen topragyndan oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmekde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw edýärin!

Eziz Diýarymyzda ösdürilip ýetişdirilýän datly türkmen gawunlarynyň hem-de behişdi nygmatlara baý saçaklarymyzyň berekedi hiç haçan egsilmesin!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru