Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyz Respublikasyna amala aşyran iki günlük döwlet sapary üstünlikli tamamlady

0
504
0
0

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna amala aşyran iki günlük döwlet sapary üstünlikli tamamlady.

Ýokary derejedäki türkmen-gyrgyz gepleşikleri üstünlikli geçip, olaryň barşynda iki dostlukly döwletleriň uzakmöhletleýin özara bähbitli esasda, ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. Ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar, şeýle hem söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni ulgamlarda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen resminamalar munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.  

Şu gün irden döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew bilen Bişkegiň taryhy merkezinde ýerleşen Ýeňiş meýdançasyndaky ýadygärlikler toplumyna bardylar. Türkmenistanyň Prezidenti Baky alawyň etegine ajaýyp gül çemenlerini goýdy.

Çäre tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleriniň awtoulag kerweni paýtagtyň “Manas-2” halkara howa menziline tarap ugur aldy.

Iki dostlukly döwletleriň Baştutanlary hoşlaşanlarynda, türkmen Lideriniň şu döwlet saparynyň türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň taryhynda täze möhüm sahypany açandygyny bellediler we ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde amala aşyryljakdygyna hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru