Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Gruziýanyň Prezidentleri Tblisidäki keramatly Troisanyň kafedral ybadathanasynda boldular

10:1304.07.2015
0
2946

Türkmenistanyň we Gruziýanyň Prezidentleri Tblisidäki keramatly Troisanyň kafedral ybadathanasynda boldular. Ybadathananyň girelgesiniň öňünde belent mertebeli türkmen döwletiniň Baştutanyny Gruziýanyň Prezidenti Giorgiý Margwelaşwili we ybadathananyň ýepiskopy Ioann garşyladylar. Tanyşlyk gezelenjiniň barşynda Türkmenistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow ybadathananyň taryhy we onuň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy.

Gruziýanyň  esasy prawoslaw hristiýan ybadathanasy bolan keramatly Troisanyň kafedral ybadathanasy Awlabaride, keramatly Iliýanyň dagynda ýerleşýär. Bu täsin desga binagär Arçil Mindiaşwiliniň taslamasy boýunça 1995-2004-nji ýyllarda guruldy.

Bu toplum ybadathanadan, kiçijik buthanadan, Patriahyň kabulhanasyndan, monastyrden, dini seminariýadan we akademiýadan, myhmanhanadan we beýleki kömekçi binalardan ybaratdyr. Türkmen Liderine gymmatly ikonalaryň birnäçesi hem-de  Bibliýanyň uly golýazma nusgasy görkezildi. Bu gymmatlyklar baýramçylyk dessurlary geçirilýän mahalynda we bu ýere belent mertebeli myhmanlaryň gelmegi mynasybetli ýörite görkezilýär. Ýepiskop Ioanyň gürrüň berşi ýaly, ybadathana 2004-nji ýylyň 23-nji noýabrynda, Keramatly Georgiý Pobedonosesiň gününde açyldy we ähli Gruziýanyň Keramatly Katolikosy—Patriarhy Ilýa II tarapyndan keramatlandyryldy. Ybadathana bir wagtyň özünde 15 müň dindar ýerleşip bilýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň