Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti “Sifal” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

09:0630.06.2015
0
2685

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Sifal” meşhur fransuz kompaniýasynyň prezidenti, baş direktory jenap Žil Remini kabul etdi.

Myhman söhbetdeşlige berlen wagt üçin hoşallyk bildirip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen mähirli we tüýs ýürekden gutlady hem-de milletiň Liderine berk jan saglyk, täze taryhy eýýamyň beýik maksatlaryny durmuşa geçirmekde egsilmez güýç-kuwwat arzuw etdi.

Döwlet Baştutany gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ähmiýetli milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň ygtybarly  hyzmatdaş hökmünde özüni görkezen “Sifalyň” goşandyny belledi.

Duşuşygyň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we jenap Žil Remi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary hem-de bilelikde işlemegiň toplanan tejribesi babatda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi barada özara pikir alyşdylar. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda ýangyç-energetika toplumy, gurluşyk düzümleri, ulag pudagy agzaldy.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutanyna hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy barada habar berdi hem-de “Sifal” kompaniýasynyň öz üstüne alan borçnamalaryny mundan beýläk-de pugta ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.    

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we jenap Žil Remi ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde netijeli gatnaşyklary dowam etmäge ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýändigine kanagatlanma bildirdiler.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň