Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa Federasiýasy türkmen gazyny satyn almagyň möçberlerini artdyrmak mümkinçiligini aradan aýranok

16:1424.06.2015
0
2908

Russiýa, eger bu ykdysady taýdan bähbitli bolsa, türkmen gazyny satyn almagyň möçberlerini artdyryp biler. Bu barada Energetika ministrliginiň ýolbaşçysy Aleksandr Nowak Federasiýa Geňeşindäki hökümet sagadyndaky çykyşynda habar berdi.

Hereket edýän ylalaşyga laýyklykda, “Gazprom” Türkmenistandan azyndan 11 mlrd kubometr gaz satyn almaly — diýip, ol ýatlatdy. Ýöne iki tarapyň ylalaşmagy netijesinde bu möçberler azaldyldy. “Satyn almagyň möçberleri aşakladyldy, çünki kompaniýa ykdysady maksatlardan ugur alyp karar kabul edýär” — diýip, ol aýtdy.

“Eger ykdysady taýdan özüni ödese, biz möçberleri artdyrmak baradaky meselä seretmäge taýýar, ýöne häzirlikçe satyn alyş möçberleriniň azaldylmagy iki tarapa-da bähbitli” — diýip, Nowak nygtady. Ol şu ýagdaýyň diňe rus tarapyny däl, eýsem, türkmen tarapyny hem kanagatlandyrýandygyny belledi. Bu meselede Türkmenistan tarapynyň “Gazproma” hiç hili nägileligi ýok — diýip, finmarket habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň