BMG-niň baş sekretary Pan Gi Mun resmi sapar bilen Türkmenistanda bolar

06:0712.06.2015
0
3602

12—14-nji iýunda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munuň ýurdumyza resmi sapary bolar.

Abraýly halkara guramalary we düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen döwletiniň yzygiderli durmuşa geçirýän netijeli daşary syýasat ugrunyň möhüm taraplarynyň biridir. Şunda BMG bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana häzirki sapary taraplaryň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän köptaraply özara hereketleri has-da pugtalandyrmaga ymtylýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy bolar.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýetli hyzmatdaşlygy soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy. Dünýä derejesinde wajyp ugurlary öz içine alýan däp bolan şeýle hyzmatdaşlygyň netijesinde dürli ulgamlarda üstünlikli amala aşyrylan we häzir durmuşa geçirilýän maksatnamalar hem-de taslamalar öz beýanyny tapdy.

Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüji, hoşniýetli goňşuçylyk we döredijilik ýörelgelerine esaslanan syýasaty yzygiderli durmuşa geçirip,   giň halkara hyzmatdaşlygyna eýermek arkaly, döwrüň wajyp meseleleriniň çözgüdini işläp düzmäge işjeň gatnaşýar hem-de öz üstüne alan borçnamalaryny pugta ýerine ýetirýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Şu ýyl Watanymyz üçin hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagyň 20 ýyllygy bilen alamatlanýar, ýakynda  BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” kararnamasynyň biragyzdan goldanandygyny we kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň sebit hem-de dünýä möçberinde parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek işine goşýan uly goşandynyň ählumumy ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan Türkmenistana bildirilýän belent ynamyň nyşany boldy. 

Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmekde BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň ýurdumyza ikinji gezek boljak sapary uly ähmiýete eýe bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň