Açyk matematika bäsleşiginde gazanylan üstünlikler

0
368
137
0

29—31-nji maýda Bolgariýanyň Sanni Biç şäherinde Açyk matematika bäsleşigi geçirildi.

Bolgariýanyň Bilim we ylym ministrligi, matematikler birleşigi we ýokary okuw mekdepleri tarapyndan guralan bu bäsleşige dünýäniň onlarça döwletinden ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary gatnaşdy. Açyk matematika bäsleşiginde Türkmen oba hojalyk institutynyň gidromeliorasiýa hünäriniň 3-nji ýyl talyby Eziz Kakyşow 1-nji orny eýeläp, altyn medala, oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäriniň 2-nji ýyl talyby Nury Atajanow 2-nji orny eýeläp, kümüş medala mynasyp boldy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru