Türkmenistanyň çagalar sagaldyş merkezleri dynç almaga gelen çagalaryň ilkinji tapgyryny kabul etdi

0
645
0
1

Türkmenistanyň çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyş badalga aldy. Gökderede, Awazada we welaýat merkezlerinde ýerleşen sagaldyş merkezleri eýýäm körpeleriň ilkinji tapgyryny kabul etdi.

Däp bolşy ýaly, Aşgabatda mekdep okuwçylaryny Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmak dabarasy boldy. Şol ýerde tomus paslynyň dowamynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinden çagalaryň 7 müňden gowragy tomusky dynç alyş döwrüni geçirer.

Gökderedäki çagalar sagaldyş – dynç alyş merkezleriniň çäklerinde ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan, obadyr şäherlerinden dynç almaga gelen müňlerçe mekdep okuwçylary ilki bilen bilelikde dabaraly ýöriş geçirdiler. Onda türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň keşbine giren okuwçylar ajaýyp döwrümizi wasp edýän  aýdym-sazlary, tanslary ýerine ýetirdiler. Şeýle dabaraly hem-de giň möçberli ýagdaýda geçirilýän bagtyýar çagalaryň bu ýörişi häzirki döwürde Watanymyzyň gazanýan ajaýyp üstünlikleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Soňra  tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyryna gelen mekdep okuwçylary çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň ähli amatly şertler döredilen binalarynyň otaglarynda ýerleşdiler.

Soňra çagalar özlerine niýetlenen ýerde ýerleşdiler. Şondan soň dynç alýan körpeleriň  höwesinden ugur alnyp, döredijilik we sport toparlary döredilip başlandy. Çünki ýene-de sanlyja günlerden döredijilik duşuşyklary we sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar başlanar. Bu çäreler ähli merkezlerdäki çagalary birleşdirer.

Ösüp gelýän nesliň dynç alyş günleriniň dürli görnüşli we  gyzykly  çärelere baý bolmagy üçin  çagalaryň ygtyýaryndaky döwrebap sagaldyş merkezleri  ähli mümkinçiliklere   eýedir. Çagalaryň dynç alyş merkezlerinde dürli oýunlary oýnamak hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin niýetlenen ajaýyp meýdançalar, tans zallary, kompýuter tehnologiýalarynyň muşdaklary üçin merkezler, el işleri üçin gurnaklar, teatr we şekillendiriş sungatynyň studiýalary ýerleşýär, baý kitap gaznaly kitaphanalar işleýär.

Bir söz bilen aýdylanda, Gökderedäki sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç aljak çagalara gyzykly çäreler garaşýar. Birinji  tapgyryň başlanmagy bilen bu çärelere badalga berildi. Awazadaky şypahanalarda we welaýatlardaky çagalar dynç alyş merkezlerinde, şeýle hem mekdepleriň ýanynda döredilen meýdançalarda körpeleriň dynç alşy örän gyzykly bolar. Olarda her tapgyrda çagalaryň jemi 35 müňe golaýy kabul ediler. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru