Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly telekeçiler Moldowa Respublikasynda çagalar bagynyň gurluşygyna girişdiler

05:4031.05.2015
0
3129

Moldowa Respublikasynyň Gagauz awtonom-çäk düzüminiň (AÇD) Wulkaneşt etrabynyň Çişmikioý obasynda çagalar bagynyň düýbi tutuldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça doganlyk halka sowgat hökmünde gurlar. Bu taslama baradaky pikir türkmen Lideriniň 2013-nji ýylda Kişinýewe bolan resmi saparynyň barşynda aýdyldy. Ine, taslama gutarnykly ylalaşylanyndan soň, onuň durmuşa geçirilmegine girişildi.

160 orunlyk täze çagalar bagynyň düýbüni tutmak dabarasyna Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolaý Timofti, Gagauz awtonomiýasynyň baştutany Irina Wlah, Moldowanyň parlamentiniň wekilleri, Türkmenistanyň bu ýurtdaky diplomatik wekilhanasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, ýurdumyzyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň ýolbaşçylary hem-de milletiň Lideriniň tabşyrmagy boýunça dostlukly ýurda gelen türkmen wekiliýetiniň beýleki agzalary gatnaşdylar.

Dabarany Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolaý Timofti açyp, şu ýylyň aprelinde özüniň Türkmenistana bolan sapary mahalynda dürli ugurlarda, şol sanda medeni-gumanitar we telekeçilik ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny nygtady.  Türkmenistan  tarapyndan maliýeleşdirilýän täze çagalar bagynyň gurluşygynyň taslamasy hem gatnaşyklaryň ösdürilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.

Öz gezeginde Gagauziýanyň ýolbaşçysy Irina Wlah awtonomiýanyň taryhynda “täze sahypanyň açylýandygyny” belledi hem-de körpelere bu ajaýyp sowgat üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa öz watandaşlarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.             

Bu wakanyň Çagalary goramagyň halkara gününiň öň ýanynda bolup geçmegi oňa aýratyn ähmiýet berýär. Bu taslama türkmen Lideriniň alyp barýan köptaraply işiniň ýene-de bir nusgalyk mysalydyr. Onuň esasynda adamlar, ilkinji nobatda, ösüp gelýän nesil baradaky alada durýar diýip, Irini Wlah aýtdy.

Ýurdumyzyň wekilleriniň çykyşlarynda iki döwletiň Baştutanlarynyň duşuşyklarynyň netijeliliginiň Moldowanyň we Türkmenistanyň ýokarlanan ykdysady hyzmatdaşlygynyň depgininde hem aýratyn şöhlelenendigi nygtaldy. Ylalaşyklar we gol çekilen resminamalar özara hereketleri has-da çuňlaşdyrmaga kuwwatly itergi berdi. Şu ýylyň dört aýynda özara haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2014-nji ýylyň ýyllyk dolanyşygyna ýakynlap, üç esseden gowrak artdy.

Wakanyň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti, Gagauz awtonomiýasynyň ýolbaşçysy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy täze okuw toplumynyň ilkinji daşyny goýdular. Bu bina mekdebe çenli şunuň ýaly edaralar üçin bildirilýän ähli döwrebap ülňülere we talaplara laýyk geler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň