Aşgabatda täze binalaryň açylyş hem-de “Soňky jaň” dabaralarynda asmany feýerwerk bezedi

0
207
0
0

25-nji maýda agşam “Arkadag” binasynyň ýanynda ýurdumyzyň saýlama döredijilik toparlary bu ýerde özleriniň aýdym-sazly çykyşlaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Binanyň ýanyndaky meýdança ussat we höwesjeň artistler üçin çykyş meýdançasyna öwrüldi. Bu ýerde aýdymçylar, sazandalar, tansçylar özleriniň joşgunly çykyşlary bilen dabara gatnaşyjylary özüne çekdiler. Şeýle hem bu ýerde çeperçilik we amaly-haşam sungatynyň we zergärçilik önümleriniň sergisi guraldy. Olaryň hatarynda nakgaşlyk eserleri has-da görnükli orun eýeledi. Ýaşajyk suratkeşleriň elinden çykan eserlerde baýramçylygyň ajaýyp pursatlary öz beýanyny tapdy.

Dünýä belli suratkeşler Rafaeliň, Rembrandtyň, Salwador Daliniň we Bäşim Nuralynyň lybaslaryny geýnen artistleriň bu ýerde peýda bolmagy has-da täsirli boldy.

Meýdançanyň bir künjeginde halk senetkärçiliginiň ýurdumyzyň bäş welaýatyna mahsus önümleri görkezildi. Ol künjek folklor çykyşlarynyň we milli däpleriň esaslaryny emele getirýän ýere öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, bu ýörelge häzirki döwürde özüniň ähmiýetini ýitirmän, eýsem, ol baýlaşdyrylýar we ösdürilýär. Bu ýerde zenanlar el işlerine meşgul boldular, dokadylar, keşde çekdiler, köýnekleri, tahýalary keşdelediler, haly dokadylar, keçe basdylar. Bu zatlaryň hemmesi bagşylaryň owazy bilen utgaşyp gitdi.

Hemmeler Aşgabadyň gününe bagyşlanan esasy çärä baýramçylyk konsertine garaşýarlar. “Arkadag” binasynyň eteginde gurnalan dürli öwüşginli çyralary öwşün atýar. Şu pursatda alypbaryjy Aşgabat şäheriniň gününe we şu gün ýurdumyzda giňden bellenilen “Soňky jaň” dabaralaryna bagyşlanan medeni çäreleriň başlanandygyny yglan edýär.

Şu pursatlarda bu ýerde oturdylan monitorlarda ak mermerli Aşgabada, onuň täze gurluşyklaryna, ajaýyplyklaryna, ýaş nesilleriň dowam etmeli özgertmeleriniň barşyna bagyşlanan wideofilm görkezilýär. Onuň ýokarsynda bolsa parahatçylygyň, hoşniýetliligiň we bagtyň buşlukçylary bolan ak kepderiler ganat ýaýýarlar...

Soňra dabaraly ýagdaýda okuwda we jemgyýetçilik durmuşynda has tapawutlanan uçurymlara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýörite sowgatlar, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary we ajaýyp gül desseleri gowşuryldy.

Aşgabat şäheriniň güni we täze binalaryň açylmagy hem-de okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli “Arkadag” binasynyň ýanyndaky meýdançada sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti boldy.

Konserte gatnaşyjylaryň hemmesiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, mähriban Watanymyza we Arkadagymyza bagyşlanan aýdymyň ýaňlanmagy dabaranyň jemini jemledi.

Aşgabat şäheriniň güni, täze binalaryň açylyşy hem-de ýurdumyzyň mekdeplerinde guralan “Soňky jaň” dabaralary baýramçylyk feýerwerkine ulaşyp gitdi. Olar paýtagtymyzyň owadan gijesinde älemgoşar öwüşginli şekilleri döredip, dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Ýyldyzlara beslenen asmanda emele gelýän köp öwüşginli şekiller şu günki guralan baýramçylyklaryň belent dabarasyny has aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru