Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti bilen Pakistan Respublikasynyň Premýer-ministri sebit we halkara syýasatynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar

0
507
1
0

20-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Pakistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nawaz Şarifiň arasynda boljak duşuşygyň barşynda sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri, birnäçe kesgitleýji şertler, şol sanda bar bolan ägirt uly ykdysady, serişde kuwwatyny we müňýyllyk dostluk hem-de hyzmatdaşlyk däplerini nazara almak bilen ýola goýulýan köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary we onuň geljekki ýagdaýlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýangyç-energetika, söwda-ykdysady we ulag ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryna aýratyn ähmiýet berler.

Ählumumy ähmiýeti bolan iri möçberli taslamalaryň öňe sürülmegi we yzygiderli durmuşa geçirilmegi barada aýdylanda bolsa, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň  gurluşygynyň taslamasy barada aýratyn bellemeli. TOPH gaz geçirijisiniň amala aşyrylmagy bu taslama gatnaşýan taraplaryň ählisiniň pikirine görä diňe bir sebitiň ykdysady ösüşiniň we durmuş abadançylygynyň däl, eýsem, onuň sebitde howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendigi bilen has-da ähmiýetlidir.

Gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalar döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna itergi berer. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru