Ahal welaýatynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna halkara maslahaty geçirildi

0
461
0
0

Ahal welaýatynyň Änew şäherindäki Medeniýet öýünde «Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Ahal welaýatynyň häkimligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan forum  ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de Türkmenistanda 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlandy.

Maslahata Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG), BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky birnäçe beýleki edaralarynyň, Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň ýanyndaky hyzmatdaşlyk we utgaşdyrmak boýunça türk agentliginiň (TIKA), jemgyýetçilik guramalarynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň baş maksady howpsuzlygyň dünýä ulgamynyň saklanmagy we pugtalandyrylmagy, gapma-garşylyklaryň ýüze çykmak howpuny öňünden duýdurmak we aradan aýyrmak, döwletleriň we halklaryň durnukly ösmegi, netijeli özara gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklar üçin şertleri üpjün etmekden ybaratdyr.

Maslahata gatnaşyjylar şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi, Ahal welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýleriniň aýry-aýry gymmatlyklary bilen tanyşdylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru