Kuweýtde täze dört nebit ýatagynyň üsti açyldy

0
556
0
0

Kuweýtiň Kuwait Oil Co. döwlet kompaniýasynyň baş direktory Haşim Haşim täze dört nebit ýatagynyň üstüniň açylnadygyny aýtdy — diýip, “Gazeta.Ru” ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerine salgylanyp ýazýar.

Haşimiň bellemegine görä, bu ýataklaryň üstüniň açylmagy ýurduň nebit gorlarynyň artmagyna getirer we “Kuweýtiň nebit öndüriji hökmündäki halkara ýagdaýyny pugtalandyrar”.

Kuwait Oil Co. döwlet kompaniýasynyň baş direktory bu ýataklaryň iki ýyla çeken geologik barlaglaryň netijesinde üstüniň açylandygyny gürrüň berdi. Mundan başga-da, ýataklaryň biriniň ýeňil nebitlidigini we ýurtda şeýle häsiýetli ýeke-täk ýatakdygyny gürrüň berdi.

Haşim täze açylan ýataklaryň ölçegleri barada hiç zat aýtmady. Birneme öňräk Kuweýtiň nebit senagaty ministri Ali al-Omair ýurduň buraw enjamlarynyň sanyny artdyrmakçydygyny mälim edipdi.   

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru