Türkmenistan hem Hytaý strategik wezipeleri ara alyp maslahatlaşýarlar

0
731
49
0

Türkmenistan Hytaý bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy geljekde-de çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada Pekinde, Hytaýyň Döwlet geňeşiniň wise-premýeri Çžan Gaoli bilen bolan duşuşygynda Türkmenistanyň wise-premýeri Baýmyrat Hojamuhammedow aýtdy — diýip, “Sinhua” agentligi habar berýär.

“Türkmenistan Hytaý bilen gatnaşyklary ösdürmäge we iki ýurduň hem halklaryň bäbidine has-da üstünlikli işlemek üçin dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge ileri tutulýan diplomatik ugur hökmünde garaýar” diýip, Hojamuhammedowyň aýdan sözleri habarda getirilýär.

Öz gezeginde Gaoli Hytaý bilen Türkmenistanyň strategik hyzmatdaş bolup durýandygyny belledi. Habarda, şeýle hem hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň we dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygynyň täze hil derejesine çykarylandygy aýdylýar.    

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru