Içeri işler ministrliginiň Awtosport merkezinde “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” biraýlygyna bagyşlanan çäre geçirildi

02:2111.04.2015
0
2884

Türkmenistanyň IIM-niň Awtosport merkezinde belli estrada aýdymçylarynyň, türgenleriň we sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän köp sanly ildeşlerimiziň gatnaşmagynda köpçülikleýin çäre guraldy.

Bu ýerde geçirilen konsert aýdym-sazyň we sportuň, olaryň özara sazlaşygynyň baýramyna öwrüldi. Artistleriň we ýaş türgenleriň çykyşlary bir-biriniň üstüni ýetirdi.

Döredijilik çäresi ýurtda geçirilýän “sagdynlyk we bagtyýarlyk” biraýlygyň ýatda galyjy wakalarynyň birine öwrülip, ruhy we beden berkliginiň häzirki zaman türkmen jemgyýetinde näderejede ileri tutulýandygyny alamatlandyrdy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň