Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

0
1504
3
3

Hökümet maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy parlamentiň alyp barýan kanun çykaryjylyk işi baradaky habary, wise-premýerleriň we mejlise çagyrylan Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň ýolbaşçysynyň hasabatlary diňlenildi.

Ýerli awiagatnawlaryň ýol petekleriniň bahalaryny kadalaşdyrmak, 8-nji aprelde Aşgabatda geçirilen söwda-ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-hindi toparynyň bäşinji mejlisiniň netijeleri, Türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlanan dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasy, täze döredilen hünär baýramy Türkmen gurluşykçysynyň güni mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.

Şeýle hem 24—28-nji aprelde Türkmenistanda Birleşen Arap Emirlikleriniň Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk boýunça alnyp barylýan işler, 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly çäreler barada hasabatlar berildi.

Oba senagat toplumynda häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere hem deglip geçildi. Şonuň ýaly-da, Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berildi.   

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru