Aziýanyň küşt federasiýasynyň baş sekretary ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebiniň türgenleriniň ukyp-başarnyklaryna ýokary baha berdi

0
365
0
0

Ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde halkara grossmeýsteri Maksat Atabaýew ýüz tagtada birwagtlaýyn oýun geçirdi. Onuň garşydaşlary, şu mekdebiň küştçüleri sekiz sagatlyk döwüň dowamynda belli küştçä mynasyp garşy durmaga çalyşdylar.

Netijede Maksat Atabaýew 96 ýeňiş gazandy, üç döwi deňlikde tamamlady. Diňe bir oýunda ol on bir ýaşly Muhammet Ezizowdan asgyn geldi.

Bir wagtlaýyn oýunlara hormatly myhman hşkmünde Aziýanyň küşt federasiýasynyň baş sekretary Haşim Al Taher hem gantaşdy. Ol türkmen paýtagtyna «Aziada — 2017»-ä bagyşlanyp geçirilen halkara maslahatyna gatnaşmak üçin geldi. Myhman ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebiniň türgenleriniň taýýarlyk derejesine ýokary baha berdi.   

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru