Aşgabatda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň mejlisi geçirildi

0
454
0
0

4-nji aprelde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça toparyň mejlisi geçirildi. Onuň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen şu ýylyň 16-njy awgustynda bellenilen Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.

Mejlise Merkezi toparyň we onuň ýanyndaky iş toparlarynyň agzalaryndan başga-da, daşary ýurtly gözegçiler, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň, ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriniň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hereket edýän saýlaw kanunçylyk namasyna laýyklykda 6-njy aprelden saýlawyň öň ýanyndaky kampaniýany yglan etmek gün tertibiniň esasy meselesi boldy, şeýle hem şunuň bilen bagly meseleleriň toplumyna garaldy. Türkmenistanyň demokratik ýol bilen ösmeginde bu çäreleriň möhüm ähmiýeti bellenilip geçildi. Welaýat saýlaw toparlarynyň ýerlerde geçirýän çäreleri, şol sanda saýlaw okruglaryny döretmek babatda alyp barýan işleri baradaky maslahatlar diňlenildi.

Merkezi saýlaw topary agzalyp geçilen saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklady. Saýlaw býulletenleriniň, saýlaw toparlary üçin gollanmalaryň, milli gözegçiler we habar beriş serişdeleri üçin ýatlama neşirjikleriniň we beýleki ugurdaş namalaryň görnüşlerine garaldy we olar tassyklanyldy.      

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru