Türkmenistanyň sungaty Ermenistanyň medeni paýtagtynda görkezildi

0
2410
12
0

Türkmenistanyň döredijilik işgärleriniň Ermenistan Respublikasyndaky her bir güni ýatdan çykmajak wakalara beslenýär.

Şenbe güni türkmen döredijilik wekiliýeti Ermenistanyň ululygy we derejesi boýunça ikinji şäherinde — Gümrä bardy. Ol Ýerewandan 126 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Türkmenistanyň Ermenistandaky Medeniýet günleriniň bir çäresiniň bu şäherde geçirilmegi ýöne ýerden däl. On üç asyrlyk taryhy bolan Gümri ýurduň medeni paýtagty hasaplanýar. Gümrililer öz şäherleriniň XIX asyrdan bäri şahyrlaryň, aşyklaryň, senetçileriň we sungatyň kendigini buýsanç bilen gürrüň berýärler. Ermeni wäşileri, şol sanda henek-degişmeleri hem hut şu ýerde döräpdir diýlip hasap edilýär. Belki, şonuň üçindir, Gümrini ermeni degişmeleriniň paýtagty diýibem atlandyrýarlar.

  

2013-nji ýylda türkmen şäheri Marynyň Gümri GDA-nyň medeni paýtagtynyň estafetasyny geçirendigi hem bellärliklidir. Gümride ýerleşýän Wardan Açemýan adyndaky Döwlet drama teatrynda ýaňlanan türkmen bagşylarynyň özboluşly äheňde ýerine ýetiren halk aýdymlary, nusgawy we häzirki zaman sazlary, degişmeler gar gatlaklary görünýän Aragaz dag ýaýlasynyň şorta söze baý, zähmetsöýer adamlaryna türkmen toparynyň ýylysyny paýlady.

Türkmen sungatynyň özboluşly dünýäsini açyp görkezen artistlerimiziň çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bu olaryň şowhunly elçarpyşmalarynda we mähirli sözlerinde öz beýanyny tapdy. Dostlukly döwletiň halkyna öz toparymyzyň ýylysyny paýlamagyň, il-ulsuň zehininden döreýän gözelligi we parahatçylyga we hoş meýillere bolan ymtylyşyny görkezmegiň aýdyň subutnamasyna öwrülen şeýle sözleri eşitmegiň özi dag ýollarynyň müňlerçe kilometrlerini sökeniňe degýär.   

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru