Türkmenistanda gant önümçiligi ösdürilýär

0
636
3
0

Türkmenistanyň Azyk senagaty Döwlet birleşiginiň “Maryşeker” aksioner jemgyýetinde gant şugundyrynyň geçen ýylky hasylyndan 9 müň tonnadan gowrak gant öndürildi. Daýhanlara gant şugundyrynyň hasylynyň 224 müň tonnasyny ýygnamak başartdy. Olardan apreliň aýagyna çenli 11 müň tonna gant öndürmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanda gant şugundyryna niýetlenen ekin meýdanlary has giňeldildi. Munuň özi Mary welaýatynda 14 müň 900 gektar bolan bolsa, Balkan welaýatynyň Bereket we Serdar etraplarynda hem bu medeni ekin üçin 3 müň gektar ýer bölünip berildi. Ol howa-toprak şertleri göz öňünde tutulyp, beýleki sebitlere paýlanyp berlen gowaçanyň ýerine ekiler.

Täze möwsümde Balkan hem-de Mary welaýatlarynda gant şugundyrynyň ýazky we güýzki görnüşleriniň jemi 17 900 gektaryny ekmek hem-de 224 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.   

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru