Türkmenistanda köpçülikleýin agaç oturtmak işleri badalga aldy

01:1422.03.2015
0
3713

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow agaç oturtmak bilen bagly nobatdaky giň möçberli işlere badalga berdi. Şol gün ýurduň giň bag-seýilgäh zolaklarynda pürli, ýaprakly we miweli baglaryň dürli görnüşleriniň müňlerçesi oturdyldy. Umuman alnanda bolsa, 2015-nji ýylda paýtagtda we onuň daş-töwereklerinde, welaýatlarda agaç nahallarynyň üç milliondan gowragyny ekmek göz öňünde tutulýar.

Nowruz baýramynyň ilkinji gününe gabat gelen bag ekmek dabaralaryna 281 müňden gowrak adam gatnaşdy. Çäräniň dowamynda 265 müň agaç oturdyldy. Aşgabat şäheri boýunça çärä gatnaşanlaryň sany 34 müň töweregi, oturdylan agaçlaryň sany bolsa 93 müňden gowrak boldy. Welaýatlarda bi işlere 247,5 müň adam gatnaşyp, 172 müň agaç oturdyldy.   

Şu günki çärede, şeýle hem öň oturdylan baglara — 1 million 134 düýp agaja ideg etmek işleri-de geçirildi.

Şu ýerde agaç oturtmak işlerinden fotoreportažy synlap bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň