Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Nowruz giňden belleniler

0
1371
1
1

Şu gün 21-nji martda Ahal welaýatynyň “Ýaýla” diýen gözel jülgesinde Milli bahar baýramyna — Nowruza bagyşlanyp däbe öwrülen dabaralar geçiriler. Oňa ähli welaýatlaryň wekilleri gatnaşarlar.

Däp bolup gelýän türkmen obasynyň durmuşyny ýatlatjak bu ýerde dürli döredijilik çäreleri: sergiler, bäsleşikler, konsertler, teatr we folklor toparlarynyň çykyşlary, şeýle hem milli oýunlar, at çapyşyklary geçiriler. Olar milli medeniýetimiziň baý mirasynyň şöhlelenmesine öwrüler.

Parahatçylygy, abadançylygy we ylalaşygy alamatlandyrýan Nowruza bagyşlanan baýramçylyk çäreleri Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda giňden ýaýbaňlandyrylar.

Birleşen Milletler Guramasy Nowruzy halkara baýramy diýip yglan etdi. Indi ol dünýäniň onlarça ýurdunda giň gerimde dabaraly bellenilip geçilýär. Bu baýram adamzadyň medeni mirasynyň umumylygyny we bitewüligini, onuň köp asyrlyk däplerini şöhlelendirýär.  

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru