Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine täze ýolbaşçy bellenildi

06:1118.03.2015
1
4194

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun bolgariýaly Petko Draganowy öz ýörite wekili we BMG-niň Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (UNRCCA) ýolbaşçysy edip belledi diýlip, BMG-niň Habarlar merkeziniň beýanatynda aýdylýar.

Bu wezipede Petko Draganow BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasarlygyna bellenilen Miroslaw Ýençini çalşyrar.

BMG-niň Baş sekretary UNRCCA-nyň ýolbaşçysy hökmünde ýerine ýetiren işleri üçin Miroslaw Ýençä minnetdarlygyny bildirdi.

Aşgabatda 2007-nji ýylda döredilen BMG-niň bu merkeziniň esasy wezipesi Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň hökümetlerine ýüze çykýan jedelleri we gapma-garşylykly gepleşikler arkaly parahatçylykly ýol bilen çözmäge we halkara goldawyny çekmäge ýardam bermekden ybaratdyr.

Petko Draganow bu wezipä bellenilmezden öz BMG-niň Baş sekretarynyň söwda we ösüş boýunça (UNCTAD) maslahatynyň orunbasary bolup işläpdi.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň